Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 28:27 - Mukaddes Kitap

27 Künji döwek bilen döwülmez, tigir ýöredilmez ziräniň üstünden, künji tokmak bilen, zire-de taýak bilen döwülýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

27 Күнҗи дөвек билен дөвүлмез, тигир йөредилмез зирәниң үстүнден, күнҗи токмак билен, зире-де таяк билен дөвүлйәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 28:27
10 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, Ýehogahazyň diňe elli sany söweş arabaly esgerinden, on söweş arabasyndan we on müň pyýada goşunyndan başga goşuny galmady, çünki Siriýa patyşasy olary harman tozy kimin ýok edipdi.


Akylly patyşa erbetleri sowrup, olaryň üstünde döwek döwýär.


Bugdaý çörek üçin üwelýär, emma ol ebedilik döwülmez, üstünden arabadyr atlar aýlansa-da, bugdaý üwelmez.


Ine, Men sizi ýiti, täze, dişli döwek guraly etdim; siz daglary döwersiňiz, owradarsyňyz, baýyrlary saman çöpi kimin edersiňiz.


Gazabyň bilen däl-de, adalatyň bilen, ýa Reb, meni terbiýele! Ýogsam meni hiç edersiň.


Gorkma, eý, gulum Ýakup, çünki Men seniň bilendirin. Seni aralaryna dargadan milletlerimiň baryny ýok etsem-de, seniň soňuňa çykmaryn. Emma saňa adalatly temmi bererin, seni jezasyz galdyrmaryn. Muny Reb aýdýandyr».


Reb şeýle diýýär: «Men damasklylary günä üstüne günä edendikleri üçin jezasyz galdyrmaryn. Çünki demir dişli döweklerde gilgat halkyny ýençdiler olar.


Waý halyňyza, Töwrat mugallymlary we fariseýler! Eý, ikiýüzlüler! Siz narpyzdan, arpabadyýadan we zireden ondan bir bölegi berýärsiňiz, emma Mukaddes Kanunyň has wajyp işlerini: adyllygy, rehimdarlygy, imany taşlaýarsyňyz. Bularyň birini berjaý edip, beýlekilerini taşlamaly dälsiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ