Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 28:22 - Mukaddes Kitap

22 Indi masgaralamaňyzy bes ediň, ýogsam zynjyrlaryňyz agralar, bütin ýurduň weýran ediljekdigi barada karara gelendigini Gudratygüýçli–Hökmürowan Rebden eşitdim.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

22 Инди масгараламаңызы бес эдиң, ёгсам зынҗырларыңыз агралар, бүтин юрдуң вейран эдилҗекдиги барада карара гелендигини Гудратыгүйчли-Хөкмүрован Ребден эшитдим.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 28:22
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, çaparlar efraýym hem günbatardaky manaşa tireleriniň ýaşaýan ýurtlarynyň üsti bilen Zebuluna çenli şäherme-şäher aýlandylar, ýöne olar çaparlaryň üstünden gülüp, olary masgaraladylar.


Şonuň üçin hem, Reb Aşur patyşasynyň goşun serkerdelerini olaryň üstüne getirdi. Serkerdeler Manaşany gandallap, zynjyr bilen baglap, Babyla ýesir edip alyp gitdiler.


Emma olar Hudaýyň çaparlaryny masgaralap, Hudaýyň sözlerini äsgermezlik etdiler, Onuň pygamberlerini kemsitdiler. Onsoň Rebbiň Öz halkyna garşy gazaby şeýle bir lowlady welin, ondan gutular ýaly bolmady.


Soňra faraon Musa bilen Haruny ýanyna çagyrdyp, olara: «Baryň, gidiň-de, şu ýurtda Hudaýyňyza gurbanlyk beriň» diýdi.


Masgaralaýjy üçin jeza, akmagyň ýagyrnysyna urgy taýýardyr.


Köp gezek käýelse-de boýnuýogynlyk edýän duýdansyz heläkçilige uçrar, melhem ýokdur.


Reb Sion dagynda we Iýerusalimde ähli işini gutaranda şeýle diýer: «Aşur patyşasyny tekepbir ýüregine, gedem bakyşyna görä jezalandyraryn».


Gulak goýuň, sesimi eşidiň, üns beriň, sözümi diňläň.


Keýp çekýänleriň meýlisinde oturmadym, şatlanmadym men. Seniň eliň üstümde bolup, meni gazapdan dolduranyň üçin ýalňyz özüm oturdym,


Ýa Reb, Sen meni aldadyň, men-de aldandym. Sen menden güýçlüsiň, Sen meni ýeňdiň. Bütin gün men boldum gülki, ýaňsylaýar her kim meni.


Bu ýurt tutuşlygyna harabaçylyga we gorkunç ýere öwrüler. Bu milletler ýetmiş ýyllap Babyl patyşasyna gulluk ederler.


Ýegudy her parçany okanda, patyşa kätibiň pyçagy bilen düýrlenen golýazmanyň şol bölegini kesip, ýanyp duran ojaga taşlaýardy, ol golýazmanyň hemmesini otda ýakyp bolýança, şeýle etdi.


Ol Sidkiýanyň gözlerini oýdurdy, ony zynjyr bilen daňyp, Babyla alyp gitdi.


Günälerim boýuntyrygyma baglandy, Rebbiň Öz eli bilen işilip, meniň boýnumdan asyldy, Ol güýjümi tüketdi; Taňry meni garşy durup bilmedik duşmanlarymyň eline berdi.


Seniň bilen iş salşan günlerimde ýüregiň berk, elleriň güýçli bolarmy? Muny Men-Reb aýtdym. Ony ýerine hem ýetirerin.


Rebbiň garşysyna näme dildüwşük gurasalar-da, Ol hemmesini ýok eder, muşakgat ikilenç inmez.


Geçip barýanlar başlaryny ýaýkap, Isany ýaňsylaýardylar.


Şeýle hem, Isa bilen bile haça çüýlenen garakçylar-da Oňa sögýärdiler.


Olar gylyçdan geçiriler, ýesir alnyp, ähli milletleriň arasyna sürgün ediler. Keseki milletler özleriniň möhleti dolýança, Iýerusalimi ýer bilen ýegsan ederler.


Olar Pawlusyň ölümden direliş baradaky wagzyny eşidenlerinde, käbirleri ony masgara etdi, käbirleri bolsa: «Bu hakda seni ýene diňläris» diýdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ