Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 28:21 - Mukaddes Kitap

21 Öz işini, täsin işini, amalyny, geň amalyny ýerine ýetirmek üçin, Perazim dagyndaky ýaly aýaga galar Reb, Gibgon jülgesindäki ýaly gazaba müner.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

21 Өз ишини, тәсин ишини, амалыны, гең амалыны ерине етирмек үчин, Перазим дагындакы ялы аяга галар Реб, Гибгон җүлгесиндәки ялы газаба мүнер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 28:21
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýlelikde, Dawut Bagalperasyma gelip, olary şol ýerde derbi-dagyn etdi. Ol: «Sil bentleriniň böwsülişi kimin, Reb-de duşmanlaryma meniň elim bilen zarba urdy» diýdi. Şol sebäpden hem bu ýere Bagalperasym diýen at dakyldy.


Dawut Rebbiň buýruşy ýaly etdi. Ol Gebadan Gezere çenli bolan aralykda piliştlileri gyrdy.


Şeýlelikde, Dawut Bagalperasyma gidip, olary şol ýerde derbi-dagyn etdi. Dawut: «Sil bentleriniň böwsülişi kimin, Hudaý-da duşmanlaryma meniň elim bilen zarba urdy» diýdi. Şol sebäpden hem bu ýere Bagalperasym diýen at dakyldy.


Dawut Hudaýyň buýruşy ýaly etdi. Ol Gibgondan Gezere çenli bolan aralykda piliştlileri gyrdy.


Reb Sion dagynda we Iýerusalimde ähli işini gutaranda şeýle diýer: «Aşur patyşasyny tekepbir ýüregine, gedem bakyşyna görä jezalandyraryn».


Betbagtçylyk her geçende, sizi süpürip äkider, ol her säher, gije-gündizine geçer». Habara düşüneniňizde, sizi gorky gaplar.


Muňa görä Men ýene bu halkyň arasynda gudratlar, gudrat üstüne gudrat görkezerin. Danalary danalykdan mahrum bolar, akyllylary akyldan aýrylar».


Öz elim bilen ýaradan çagalarymy öz aralarynda görenlerinde, adymy mukaddes saýarlar; Ýakubyň Mukaddesini mukaddes saýarlar, Ysraýyl Hudaýyndan gorkarlar.


Alawyň çalyny ýandyryşy dek, suwy gaýnadyşy dek oduň adyňy duşmanlaryňa tanatdyrýaň, milletler öňüňde lerzana gelerler.


Siziň ýazyklaryňyzyň, daglarda ýakymly ysly tütetgi ýakyp, depelerde Meni äsgermezlik eden atalaryňyzyň ýazyklarynyň almytyny bererin. Öňki eden işlerini ölçäp, olary başlaryna getirerin» diýýär Reb.


Ähli oýnaşlaryň seni unutdy, olar seni sorap agtarmaýarlar, ýazygyňyň çökderdigi sebäpli, günäleriňiň san-sajaksyzdygy üçin seni duşman zarbasy bilen urdum, saňa rehimsizlik bilen jeza berdim.


Ähli ötegçiler saňa el çarpýarlar. Iýerusalim gyzyna sykylyk atyp: «Bütin dünýäň şatlygy, gözellik görki diýilýän şäher şumy?» diýşip, başlaryny ýaýkaýarlar.


Hasrat berip, gaýga batyrsa-da, bulary Ol ýürekden etmez.


Sürgünde bolýan wagtymyzyň on ikinji ýylynyň onunjy aýynyň bäşine Iýerusalimden gaçyp gutulan bir adam meniň ýanyma gelip: «Şäher basylyp alyndy» diýdi.


«Milletlere serediň! Haýran galyň! Siziň günleriňizde etjek işimi eşideniňizde, gulagyňyza ynanmarsyňyz.


Reb hem ysraýyllary gören badyna olaryň ýüreklerine howsala düşer ýaly etdi. Ysraýyllar olary Gibgonda derbi-dagyn etdiler. Beýthoron geçelgesine gidýän ýol bilen Azeka we Makeda çenli gaçanlarynyň yzyndan kowalap, olary gyrdylar.


Olar Beýthoron dagynyň eňňidiniň ugry bilen ysraýyllardan gaçanlarynda, Reb Azeka barýança olaryň üstüne gökden uly daşlar ýagdyrdy, olar gyryldylar. Uly daşyň aşagynda galyp ölenler ysraýyllaryň öldürenlerinden köp boldy.


Rebbiň amorlary ysraýyllaryň eline beren güni, Ýeşuwa Reb bilen gepleşdi we ysraýyllaryň gözleriniň alnynda şeýle diýdi: «Eý, Gün, dur, Gibgonyň üstünde! Eý, Aý, dur, Aýalon deräniň üstünde!»


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ