Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 28:19 - Mukaddes Kitap

19 Betbagtçylyk her geçende, sizi süpürip äkider, ol her säher, gije-gündizine geçer». Habara düşüneniňizde, sizi gorky gaplar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Бетбагтчылык хер геченде, сизи сүпүрип әкидер, ол хер сәхер, гиҗе-гүндизине гечер». Хабара дүшүнениңизде, сизи горкы гаплар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 28:19
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hoşeýanyň şalygynyň dokuzynjy ýylynda Aşur patyşasy Samariýany basyp alyp, ysraýyllary Aşura ýesir edip äkitdi we olary Halada, Habor derýasynyň ýakasyndaky Gozanda we Madaý galalarynda ýerleşdirdi.


Hizkiýa patyşanyň şalygynyň on dördünji ýylynda Aşur patyşasy Sanherip Ýahudanyň ähli galalaryna garşy hüjüm edip, olary basyp aldy.


Şonuň üçin-de Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Ine, Men Iýerusalimiň we Ýahudanyň başyna şeýle bir betbagtçylyk getirerin welin, ol barada eşiden her kişiniň ýüregi ýarylar.


Reb Öz gullary pygamberler arkaly aýdan sözüne görä, Ýahudanyň halkynyň baryny gyrdyrmak üçin babyllylaryň, siriýalylaryň, mowaplylaryň we ammonlylaryň goşunlaryny olaryň üstüne iberdi.


Çar tarapdan howp abanýar olara, howp olaryň söbügine düşýär.


Çünki säher olara tüm garaňkylykdyr, tüm garaňkylygyň howplaryna öwrenişen olar.


Birek-bireklerine ýapyşdyrylgydyr olar, mäkäm seplenendirler, olary aýryp bolmaz.


Çünki Gudratygüýçliniň oklary içimde, ruhum olaryň zäherini içýär, Hudaýyň howplary garşyma hatarlanan.


Men gorka düşenimde Saňa bil baglaýandyryn.


Seniň tagtyň düýbi – dogrulyk hem-de adyllyk, öňüňden ýöreýär – söýgi hem wepalylyk.


Ine, batyrlary köçelerde perýat edýärler, zar-zar aglaşýarlar parahatçylyk ilçileri.


Şeýdip, köşgi dolandyryjy Hilkiýanyň ogly Elýakym, Şebna kätip we Asafyň ogly Ýowa – patyşanyň baş emeldary dagy ýakalaryny ýyrtyp, Hizkiýanyň ýanyna gelip, oňa baş weziriň sözlerini aýdyp berdiler.


Olar Işaýa pygambere şeýle diýdiler: «Hizkiýa patyşa şeýle diýýär: „Şu gün biz hasrat, jeza we ryswalyk astyndadyrys; biziň ýagdaýymyz kuwwaty bolmadyk göwreli aýalyň çaga dogurýan bolşy ýalydyr.


Mejalsyzlara söz bilen ýardam ederim ýaly Hökmürowan Reb maňa dana dil berdi. Ol dana adamlar deý diňlesin diýip, gulagymy oýarýar her säher.


Olara: „Eý, Ýahuda patyşalary bilen Iýerusalim ilaty, Rebbiň sözüne gulak asyň“ diý. Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men bu ýeriň üstünden şeýle bir betbagtlyk indererin welin, ony eşidenleriň gulaklary şaňlar.


Şuny Ýahudada yglan et, Iýerusalimde jar et: «Ýurtda surnaý çalyň! Batly gygyryp diýiň: „Geliň, üýşüp, berk galalara gireliň!“.


«Şol gün patyşanyň we baştutanlaryň ýüregi hopugar. Ruhanylar aňk-taňk bolarlar, pygamberler geň galarlar». Muny Reb aýdýandyr.


«Olar hakdaky habary eşidenimizde, ellerimiziň ysgyny gaçdy. Dogurýan aýal kimin çekýäris dert-azaplary.


Çar tarapdan maňa howp salanlary çagyrdyň, baýramçylyk günündäki kimin olary üýşürdiň. Rebbiň gahary gelen güni hiç kim gaçyp gutulmady, olaryň arasyndan diri galany bolmady, söýüp ulaldan çagalarymy duşmanym heläk etdi.


Ine, şu ýerde gürrüň gutarýar. Pikirlerim men Danyýeli howsala saldy, ýüzümde reňk-pet galmady, emma men bu sözleri ýüregimde sakladym.


Men Danyýel takatdan düşdüm, birnäçe günläp ýaramadym. Soňra aýak üstüne galyp, ýene-de patyşanyň işleri bilen meşgul boldum. Men bu görnüşe aňka-taňka boldum, oňa düşünmedim.


Eşidip, tutuş bedenim lerzana geldi, sesinden dodaklarym tibirdedi, süňňüm eräp, dyzlarym saňňyldady. Emma bize hüjüm edýän halkyň başyndan injek betbagtlyk gününe sabyrsyzlyk bilen garaşaryn.


Reb Şamuwele şeýle diýdi: «Hawa, Ysraýylda eşideniň inini titretjek bir iş ederin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ