Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 28:18 - Mukaddes Kitap

18 Ölüm bilen eden ähtiňiz ýatyrylar, Gabyr bilen baglaşan ylalaşygyňyz puja çykar; uly betbagtçylyk gelende, ýer bilen ýegsan bolarsyňyz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Өлүм билен эден әхтиңиз ятырылар, Габыр билен баглашан ылалашыгыңыз пуҗа чыкар; улы бетбагтчылык геленде, ер билен егсан боларсыңыз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 28:18
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Her bir beýik diňe, her bir berk gala garşydyr.


Siz: «Biz ölüm bilen äht edişdik, ylalaşyk baglaşdyk ölüler dünýäsi bilen; uly betbagtçylyk inende ýurda, geçip gider, bize ýetmez, çünki biz ýalançylygy pena edindik, galplyk içinde gizlendik» diýdiňiz.


Efraýymyň serhoşlarynyň buýsanjy bolan täji aýak astynda depelener.


Indi Men size üzümçiligime näme etjekdigimi aýdaryn. Men onuň haýadyny aýraryn, ol weýran ediler; onuň diwaryny ýykaryn, ony basgylap zaýalarlar.


Emma Hökmürowan Reb şeýle diýýär: ‘Bu amala aşmaz, berjaý bolmaz ol.


Bile maslahat geçirersiňiz, ýöne ol başa barmaz; söz sözlärsiňiz, ýöne ol amala aşmaz, çünki Hudaý biziň bilendir.


Ol joşup, Ýahuda geçer we ony-da basar; ýurduň bogazyna ýeter. Ýaýylan ganatlarynyň gerimi ýurduň ähli çäklerine ýeter, eý, Imanuwel».


Bu ýerde Ýahuda bilen Iýerusalimiň niýetlerini puja çykararyn. Olary janlarynyň kastyna çykanlaryň eline berip, duşmanlarynyň öňünde gylyçdan heläk ederin. Jesetlerini guşlara we ýyrtyjy haýwanlara şam ederin.


Reb ret etdi bil baglaýan halklaryňy, indi rowaçlyk gazanmarsyň olaň üsti bilen. Çykarsyň eliňi ýüzüňe tutup, ol ýerden hem“».


Gylyçdan gaçyp gutulan diňe az sanly adamlar Müsür ýurdundan Ýahuda ýurduna gaýdyp gelerler. Müsüre ornaşmaga gelen ýahuda halkyndan aman galanlar şonda Meniň sözümiň ýa-da olaryň sözüniň amala aşýandygyny bilerler.


«Reb şeýle diýýär: „Demirgazykdan suwlar joşup, derýa kimin dolup-daşar-da, ýurdy we ondaky ähli zatlary, şäheri hem ýaşaýjylaryny basar. Adamlar dady-perýat ederler, ýurduň bütin halky ahy-nala çeker.


Kömege biderek garaşmakdan gözlerimiz küteldi. Biz sakçylyk diňinde köp garaşdyk, halas etmeýän millete garaşan ekenik.


Hek çalýanlara diwar ýykylar diý; güýçli ýagyş bilen daşly dolular ýagar; diwary tupanly ýel ýumrar.


Ýöne Iýerusalimiň patyşasy atlar we köp esger bersin diýip, ilçilerini Müsüre ibermek bilen Babyl patyşasynyň garşysyna gozgalaň turuzdy. Ol üstünlik gazanarmy? Bu işleri eden aman galarmy? Eden ähtini bozan halas bolarmy?


Ahyrzaman wagtynda günorta patyşasy onuň bilen çaknyşar. Emma demirgazyk patyşasy söweş arabalarydyr atlylary we birtopar gämileri bilen harasat ýaly onuň üstüne döküler. Ol ýurtlara garşy söweş edip, olary sil deý basar.


Emma Ol Ninewäni daşgyn sil bilen ýok eder, duşmanlaryny garaňkylyga kowalar.


Emma gullarym bolan pygamberlere buýran sözlerimdir beren duýduryşlarymy, näme, ata-babalaryňyz ýerine ýetiren däldir öýdýäňizmi? Olar toba edip, Hökmürowan Reb öz tutan ýolumyza hem etmişlerimize görä bize näme etmegi niýetlän bolsa, şony hem etdi diýdiler“».


Ýylan bolsa aýaly sile gark etmek üçin, agzyny açyp, onuň yzyndan derýa ýaly suw akdyrdy.


Perişde maňa ýene şeýle diýdi: «Lolynyň hökmürowanlyk sürýän köp suwlary her milletden, her halkdan, her dilden bolan ägirt mähelläni aňladýandyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ