Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 27:9 - Mukaddes Kitap

9 Şeýdip, Ýakubyň etmişi ötüler, günäsiniň ötülmeginiň doly miwesi şu bolar: Gurbanlyk sypalarynyň ähli daşlary hek daşlary deý owradylanda, ne Aşera butlary, ne-de tütetgi sypalary galar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Шейдип, Якубың этмиши өтүлер, гүнәсиниң өтүлмегиниң долы мивеси шу болар: Гурбанлык сыпаларының әхли дашлары хек дашлары дей оврадыланда, не Ашера бутлары, не-де түтетги сыпалары галар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 27:9
36 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şol ýerde olar Bagalyň buthanasyndaky dikme daşy daşary çykaryp, ony kül-owram etdiler.


Ýoşyýa patyşa dikme daşlary kül-peýekun edip, Aşera butlaryny çapyp, olaryň ýerlerini adam süňkleri bilen doldurdy.


Nebuzaradon Rebbiň öýüne, patyşanyň öýüne we Iýerusalimiň ähli jaýlaryna ot berdi; ol uly jaýlaryň ählisini ýakdy.


Şeýle hem, Asa Ýahudanyň ähli galalaryndaky seždegähleri we ýakymly ysly tütetgi berilýän sypalaryny aýyrdy. Onuň şalyk süren döwründe ýurt asudalykda ýaşady.


Ýoşyýanyň öňünde Bagal butlarynyň gurbanlyk sypalaryny ýykdylar; olaryň ýokarsynda bolan ýakymly ysly tütetgi ýakylýan sypalary ýumurdylar; Aşera butlaryny, oýma we guýma butlaryny-da bölek-bölek edip, küle öwrüp, ony şu butlara gurbanlyk berenleriň gabyrlaryna sepelediler.


Babyllylar Hudaýyň öýüni ýakyp, Iýerusalimiň diwaryny ýykyp, ondaky ähli köşklere ot berip, ähli gymmatbaha zatlary ýok etdiler.


Siz olaryň gurbanlyk sypalaryny ýumrup taşlaň, dikme daşlaryny döwüp, Aşera butlaryny çapyň.


Yz galdyrýan urgy ýamanlykdan tämizleýär, kötekler bolsa kalbyň jümmüşini päkleýär.


Höwes eden keramatly agaçlaryňyz üçin utanarsyňyz, saýlan baglaryňyz üçin ýüzüňiz gyzarar.


Özleriniň guran gurbanlyk sypalaryna bakmazlar, elleri bilen ýasan Aşera butlaryna, tütetgi sypalaryna seretmezler.


Onsoň kümüş bilen örtülen butlaryňyzy, altyna gaplanan heýkelleriňizi haram saýarsyňyz; olary haram esgi hökmünde taşlarsyňyz, siz olara: «Güm boluň!» diýersiňiz.


Taňry Sion gyzlarynyň pisligini ýuwar, Iýerusalimde dökülen gany höküm we alaw ruhy bilen tämizlär.


Iýerusalime mylaýym sözleri aýdyň: söweş möhletiniň gutarandygyny, ýazyklarynyň geçilendigini, günäleriniň jezasyny Rebbiň elinden iki esse edip alandyklaryny yglan ediň.


Ine, seni sapladym, ýöne kümüş dek däl, azap küresinde synadym seni.


Ýurda dolanyp, ähli ýigrenji we nejis zatlaryny ol ýerden aýryp zyňarlar.


Pitneçileri we Meniň garşyma jenaýat edenleri siziň araňyzdan aýraryn, olary gelmişek bolup ýaşaýan ýurtlaryndan çykararyn, ýöne olar Ysraýyl ýurduna girmezler. Şonda siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz».


Gurbanlyk sypalaryňyz weýran bolar, ýakymly ysly tütetgi ýakýan sypalaryňyz kül-peýekun ediler; gylyçdan geçirilenleriňizi butlaryňyzyň öňüne taşlaryn.


Galanlaryň ahyrzamana çenli günälerinden saplanmagy, päklenmegi we aklanmagy üçin akylly adamlardan birnäçesi heläk bolar. Çünki entek bellenen möhlete wagt bardyr.


Olar dolanyp, Meniň saýamda ýaşarlar. Bugdaý kimin bol bolarlar. Üzüm ýaly güllärler. Olaryň ysy Liwan şeraby ýaly bolar.


Siziň seždegähleriňizi ýykyp, ýakymly ysly tütetgi ýakýan sypalaryňyzy weýran ederin. Siziň maslyklaryňyzy ýykylan butlaryňyzyň maslyklarynyň üstüne üýşürerin. Men sizi ret ederin.


Ýurduňyzyň şäherlerini weýran ederin, ähli galalaryňyzy haraba öwrerin.


Şol gün Men ýurtdan butlaryň atlaryny öçürip taşlaryn. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr. Mundan beýläk olar ýatlanylmaz. Ýalan pygamberleri-de, erbet ruhy-da ýurtdan çykararyn.


Reb bizi terbiýelemek üçin höküm edýändir. Ol muny biziň dünýä bilen birlikde höküm edilmezimiz üçin edýär.


Olaryň gurbanlyk sypalaryny ýumrup taşlaň, dikme daşlaryny döwüp, Aşera butlaryny oda ýakyň. Olaryň hudaýlarynyň butlaryny parçalap, olaryň adyny ol ýerden ýok ediň.


Çünki Reb söýýänini terbiýeleýändir, kabul eden perzendine temmi berýändir».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ