Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 27:6 - Mukaddes Kitap

6 Geljekde Ýakup kök urar, Ysraýyl gunçalap güllär, ýer ýüzüni miweden doldurar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Гелҗекде Якуп көк урар, Ысрайыл гунчалап гүлләр, ер йүзүни миведен долдурар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 27:6
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onuň buýrugyna görä, bütin ýer ýüzüne aýlanýarlar, Hudaýyň buýruklaryna boýun bolýarlar.


Çöl-beýewan we gury ýer şatlanar, çöl guwanyp, nerkes kimin güllär.


Gül-pürçük bolar ol, şatlykdan, guwançdan ýaňa nagma aýdar. Liwanyň gözelligi, Karmeliň, Şaronyň görki berler oňa. Olar Rebbiň şöhratyny, Hudaýymyzyň şan-şöhratyny görerler.


Ýahuda nesilleriniň gutulyp aman galanlary ýene-de aşakda kök urup, ýokarda miwe bererler.


Şol gün Rebbiň şahasy gözel, şöhratly bolar; ýurduň miwesi Ysraýylyň aman galanlaryna buýsanç hem abraý bolar.


halkyň ondan biri galsa-da, ýurt ýene-de ýakylar. Emma dagdan ýa-da dub çapylanda kökleriniň galyşy kimin, mukaddes nesil-de ýurtda kök kimin bolar».


Olaryň iň azy urug bolar, güýçli millet bolar iň ejizi; Men – Reb muny öz wagtynda tiz amal ederin.


Olardan şükür hem şatlyk sesleri geler. Men olary köpelderin, olar azalmaz, olara hormat goýduraryn, olar peselmez.


Men siziň ilatyňyzy, tutuş ysraýyl halkyny, olaryň hemmesini köpelderin, galalar ilatly bolar, harabalar abatlanar.


Eý, Ysraýyl daglary, siz şahalar çykaryp, halkym Ysraýyla miwe berersiňiz, çünki olaryň öz ýurduna dolanmaly wagty golaýlady.


Halkymy toprakda Özüm üçin ekerin. „Rehim etmedige“ rehim ederin. „Halkym bolmadyga“ sen Meniň halkym diýerin. Ol bolsa „Sen meniň Hudaýymsyň“ diýer».


Şol gün köp halklar Men-Rebbe bil baglarlar we Meniň halkym bolarlar. Men siziň araňyzda mekan tutaryn». Şonda ýanyňyza meni Hökmürowan Rebbiň iberendigini bilersiňiz.


Eger siz Mesihe degişli bolsaňyz, onda Ybraýymyň neslisiňiz we berlen wada görä mirasdüşersiňiz.


Biz Mukaddes Ruh arkaly Hudaýa ybadat edip, Isa Mesih bilen magtanýarys, ynsan güýjüne daýanmaýarys. Şoňa görä-de, hakyky sünnetliler bizdiris!


Ýedinji perişde surnaýyny çaldy. Gökden: «Dünýä şalygy indi Rebbimiziň we Onuň Saýlanynyň şalygydyr. Hudaý asyrlarboýy şalyk sürjekdir» – diýip gygyrýan batly sesler eşidildi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ