Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 27:3 - Mukaddes Kitap

3 Men – Reb onuň sakçysydyryn, ony her pursat suwarýaryn, hiç kim zyýan ýetirmesin diýip, gije-gündiz goraýaryn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Мен – Реб онуң сакчысыдырын, оны хер пурсат суварярын, хич ким зыян етирмесин дийип, гиҗе-гүндиз гораярын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 27:3
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ine, Men bolsa ýer ýüzüne sil gönderip, gökleriň astyndaky burnunda dirilik nepesi bolan janly-jandarlaryň ählisini ýok etjekdirin; ýer ýüzündäki zatlaryň barysy öler.


«Men indi siz we sizden soňky geljek nesliňiz bilen, şeýle hem siziň bilen gämiden çykan ähli jandarlar: guşlar, mallar we ýer ýüzündäki haýwanlaryň bary bilen äht baglaşýaryn.


Goý, meniň Rebbiň öňünde dile getiren sözlerim Beýik Hudaýa gije-gündiz ýakyn bolsun. Beýik Hudaý dünýäniň ähli halklarynyň Rebbiň Hudaýdygyny, Ondan başga Hudaýyň ýokdugyny bilerleri ýaly, Reb Öz guluny, ysraýyl halkyny gündelik zerur zatlar bilen üpjün etsin.


Reb saýlap-seçip, bize ýurt berdi, biz – Onuň söýýän halky. Sela


Guşlaryň ganat gerip, öz çagalaryny goraýşy dek, Hökmürowan Reb-de Iýerusalimi gorar; Ol ony gorar, halas eder, rehim eder, azat eder».


«Men – Reb seni dogrulyk bilen çagyrdym, eliňden tutup, goraryn seni, halka äht hökmünde bererin seni, Seni milletlere nur ederin.


Men suwsuz topraga suwlar dökerin, gury ýerlere çeşmeler akdyraryn; nesilleriňiň üstüne Ruhumy, perzentleriňiň üstüne berekedimi dökerin.


Garranyňyzda-da, Men Şolduryn, saçyňyz agaranda hem sizi götererin, sizi Men ýaratdym, Özüm götererin, Men göterip, sizi halas ederin.


Gadymda bolan-geçen zatlary ýatlaň, Men Hudaýdyryn, Menden başga Hudaý ýokdur, Men Hudaýdyryn, Maňa meňzeýän ýokdur.


Reb şeýle diýýär: «Merhemet görkezjek döwrümde saňa jogap bererin, kömek ederin halas etjek günümde; seni goraryn, halka äht hökmünde bererin seni sen ýurdy täzeden dikeldersiň, çolaryp galan mülki paýlarsyň.


Ony haraba öwrerin, ony pudamazlar, ýeri bejermezler, onda çalydyr tikenekler biter; bulutlara-da onuň üstüne ýagyş ýagdyrmazlygy buýraryn.


Reb hemişe size ýol görkezer, gurak ýerlerde sizi kanagatlandyrar, süýegiňize kuwwat berer. Siz suwarylan bag kimin, suwy egsilmeýän çeşme kimin bolarsyňyz.


Milletleriň süýdüni emersiň, Sorarsyň şalaryň göwsün. Şonda sen Men Rebbiň Halasgäriňdigimi, Penakäriňdigimi, Ýakubyň Gudratly Hudaýydygymy bilersiň.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Goýunlarymy Özüm gözlärinem, idegem ederin.


Men-Reb olaryň Hudaýy we gulum Dawut olaryň hökümdary bolar. Muny Men-Reb aýtdym.


Onsoň Men sizi ruhum bilen dolduraryn, siz direlersiňiz. Men sizi öz ýurduňyzda ýerleşdirerin. Onsoň muny Men-Rebbiň aýdandygyny we ýerine hem ýetirjekdigimi bilersiňiz». Muny Reb aýdýandyr.


Mukaddes öýüm ebedilik olaryň arasynda ýerleşende, milletler Ysraýyly mukaddes edeniň Men-Rebdigimi bilerler».


Wepadarlaryny Öz penasynda saklar Ol. Emma betniýetleri zulmatda ýitirim eder. Çünki adam öz güýji bilen mäkäm däl.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ