Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 27:12 - Mukaddes Kitap

12 Şol gün Reb Ýewfrat derýasyndan Müsür derýasyna çenli sizi harman döwegi deý ýenjer, ysraýyllary ýeke-ýekeden toplar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Шол гүн Реб Евфрат дерясындан Мүсүр дерясына ченли сизи харман дөвеги дей енҗер, ысрайыллары еке-екеден топлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 27:12
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

«Müsür derýasyndan tä beýik Ýewfrat derýasyna çenli uzalyp gidýän şu ýurdy: keýnleriň, kenizleriň, kadmonlaryň, hetleriň, perizleriň, rapalaryň, amorlaryň, kenganlaryň, girgaşlaryň we ýabuslaryň ýaşaýan ýurduny Men seniň nesliňe berýändirin» diýip, hut şol gün Reb Ybram bilen äht edişdi.


Şeýdip, Süleýman we bütin ysraýyl halky – uly mähelle Lebohamatdan Müsür serhedine çenli bolan aralykda, Hudaýymyz Rebbiň huzurynda on dört günläp baýram etdiler.


Olar nahar ýerine maňa öt berdi, suwsanymda sirke içirdi.


Olar ýaňsylaýar, betpäl gürleýär, gopbamsyrap, zulum bilen gorkuzýar.


Zeýtun agajynyň miwesi kakylyp alnandan soň, depesinde iki-üç zeýtunyň galyşy deý, şahalarynyň uçlarynda dört-bäşisiniň galyşy deý, diňe birazy aman galdyrylar. Muny Ysraýyl Hudaýy Reb aýdýandyr.


Ýakup neslini Özüne gaýtarmagym üçin, Ysraýyly Onuň öňüne toplamagym üçin, ýatgydakam maňa şekil berip, bendesine öwürdi Reb meni. Men Rebbiň nazarynda hormat gazandym, Hudaýym meniň güýç-gudratym boldy.


Ysraýylyň kowlanlaryny toplaýan Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men öýüme eýýäm toplananlardan beýlekilerini-de toplaryn».


Eý, biwepa halk, Maňa dolan, muny Men – Reb aýdýandyryn, çünki siziň hojaýynyňyz Mendirin. Men sizi bir-birden şäherden, iki-ikiden urugdan çykaryp, Siona getirerin.


Gylyçdan gaçyp gutulan diňe az sanly adamlar Müsür ýurdundan Ýahuda ýurduna gaýdyp gelerler. Müsüre ornaşmaga gelen ýahuda halkyndan aman galanlar şonda Meniň sözümiň ýa-da olaryň sözüniň amala aşýandygyny bilerler.


Güýç-gudratym hem gahar-gazabym bilen sizi halklaryň arasyndan çykararyn we dargadylan ýurtlaryňyzdan yzyňyza ýygnaryn.


Sizi halklaryň arasyndan çykaryp, dargadylan ýurtlaryňyzdan ýygnanymda, sizi hoşboý ys hökmünde kabul ederin we milletleriň gözleriniň alnynda Öz mukaddesligimi ykrar ederin.


Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Indi Men Ýakubyň öňki abadançylygyny gaýtaryp bererin, bütin ysraýyl halkyna rehim ederin we mukaddes adym sebäpli gabanjaň bolaryn.


Günorta tarapy Tamardan Meribakadeş çeşmesine çenli bolup, Müsür derýasyndan Ortaýer deňzine baryp ýeter. Bu günorta tarapydyr.


Ine, Men buýruk bererin, ähli milletleriň arasynda ysraýyl halkyny bugdaý elän ýaly edip, elekden geçirerin, şonda ýekeje daş-da elekden geçmez.


Hökmürowan Reb: «Men Öz halkymy gündogar hem günbatar ýurtlaryndan halas ederin.


«Sizden biriniň ýüz goýny bar diýeli. Ol bularyň birini ýitirýär. Şonda ol togsan dokuzsyny düzde goýup, tä ýiten goýnuny tapýança, ony gözlemäge gitmezmi?


Meniň bu agyldakylardan başga-da goýunlarym bar. Men olary hem ýygnamalydyryn. Olar hem Meniň sesimi eşiderler, şonda bir süri, bir çopan bolar.


Atamyň Maňa beren adamlarynyň bary Maňa geler, Men ýanyma gelenleri asla kowmaryn.


Soňra Asmondan geçip, Müsür derýasyna çenli uzalyp gidýär we Ortaýer deňzinde serhet gutarýar. Bu olaryň günorta araçägi bolar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ