Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 27:1 - Mukaddes Kitap

1 Şol gün Reb gazaply, haýbatly, gudratly gylyç bilen gaçýan, towlanýan ýylan Liwýatany – deňiz aždarhasyny jezalandyrar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Шол гүн Реб газаплы, хайбатлы, гудратлы гылыч билен гачян, товланян йылан Ливятаны – деңиз аждархасыны җезаландырар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 27:1
30 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gökler Onuň demi bilen gözel boldy, aždarhany eli bilen ýok etdi.


Goý, günleri näletleýänler, Liwýatany oýarmagy başarýanlar şol güni näletlesinler!


Kim ony garbak bilen tutup biljek? Kim çeňňek bilen onuň burnuny deşip biljek?


Ony tutmak umydy netijesizdir, garasyny göreniň gorkudan ýüregi ýarylar.


Reb olaryň arasyna bendesi Musany we seçip-saýlan Harunyny ýollady.


Şonuň üçin gorkmarys ýer yransa-da, daglar deňziň bagryna yňdarylsa-da,


Ine, Reb dünýäniň ähli ilatyna etmişleri üçin jeza bermäge Öz mekanyndan çykyp gelýär; ýer üstüne dökülen gany äşgär eder, öldürilenlerini ýaşyrmaz indi.


Oýan, eý, Rebbiň goly, oýan, gudraty geýin! Gadym günlerdäki dek, owalky nesillerdäki dek oýan! Rahab aždarhany parçalan, parran deşen Sen dälmidiň?


Men-de sizi gylyja niýetlärin, baryňyz gyrylmak üçin dyza çökersiňiz, çagyranymda jogap bermediňiz, geplänimde, gulak asmadyňyz, nazarymda ýigrenýän işlerimi etdiňiz, Maňa ýaramaýany saýladyňyz».


Böri bilen guzy bile otlar, öküz deý saman iýer şir, ýylan gum iýer. Meniň tutuş mukaddes dagymda hiç kime zelel ýetirmezler olar, hiç kimi heläk etmezler» diýýär Reb.


Reb bütin adamzada otdur gylyjy bilen höküm eder, Rebbiň öldürenleri köp bolar.


Eý, Rebbiň gylyjy! Sen haçana çenli köşeşjek däl? Gynyňa gir, ynjal-da, asuda bol.


Eý, bol suwlar ýakasynda, baý hazynaly ýerde ýaşaýan halk! Seniň soňuň geldi, ömür tanapyň kesildi!»


Babyl patyşasy Nebukadnesar bizi çeýnedi, bizi owradyp ýenjip, boş gaba öwürdi. Aždarha kimin ýuwutdy bizi, garnyny näz-nygmatdan doýrup, soňra bizi gusup taşlady.


Oňa Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Eý, Müsür patyşasy faraon! Sen derýalar boýunda ýatan äpet aždarha kimin: ‘Nil meniňkidir, ony özüm üçin ýaratdym’ diýýäň! Men saňa garşydyryn.


Karmel dagynyň depesinde gizlenseler-de, ol ýerden Men olary yzarlap taparyn. Huzurymdan deňziň düýbünde gizlenseler-de, deňiz ýylanyna buýruk bererin, ýylan-da olary çakar.


Soňra asmanda başga bir alamat peýda boldy. Bu ýedi kelleli, on şahly, kellelerinde ýedi täji bolan äpet gyzyl aždarhady.


Şondan soň men ýerden çykyp gelýän başga bir jandary gördüm. Onuň guzynyňka meňzeş iki şahy bolsa-da, aždarha ýaly gepleýärdi.


Adamlar aždarha sežde etdiler, sebäbi ol öz ygtyýaryny jandara beripdi. Olar: «Jandara taý geljek barmy? Oňa garşy urşup biljek barmy?» diýip, oňa hem sežde etdiler.


Onsoň aždarhanyň, jandaryň we galp pygamberiň agyzlaryndan gurbaga meňzeş üç erbet ruhuň çykanyny gördüm.


Eli käseli ýedi perişdäniň biri gelip, maňa şeýle diýdi: «Gel, men saňa köp suwlaryň üstünden hökmürowanlyk ýöredýän uly lolynyň jezasyny görkezeýin.


Perişde maňa ýene şeýle diýdi: «Lolynyň hökmürowanlyk sürýän köp suwlary her milletden, her halkdan, her dilden bolan ägirt mähelläni aňladýandyr.


Galanlary bolsa ata atlanyp Oturanyň agzyndan çykan gylyç bilen öldürildiler. Guşlaryň hemmesi bularyň läşinden doýdy.


Toba et! Ýogsa tizara ýanyňa baryp, agzymdaky gylyç bilen olara garşy urşaryn.


Perişde aždarhany, ýagny iblis ýa-da şeýtan diýip atlandyrylýan gadymy ýylany tutdy-da, ony müň ýyl möhlet bilen zynjyrlady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ