Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 26:8 - Mukaddes Kitap

8 Ýa Reb, Hökümleriňiň ýodasynda, biz Saňa intizar, Seniň adyň we ýatlanmagyň ýüregimiziň islegidir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Я Реб, Хөкүмлериңиң ёдасында, биз Саңа интизар, Сениң адың ве ятланмагың йүрегимизиң ислегидир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 26:8
39 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Meniň neslim hem Hudaýyň öňünde şeýle dälmi näme?! Sebäbi Ol meniň bilen baky äht baglaşdy, bu äht tertip-düzgünli we bozulmazdyr. Meniň halas bolmagym, arzuwlarym Oňa bagly dälmi näme?!


olary ýat ýurtlardan ýygnap jemledi: gündogardan hem günbatardan demirgazykdan hem günortadan.


Çünki pena tutunýan Hudaýym Sensiň. Sen näme üçin meni terk etdiň? Duşman meni gysan wagtynda, näme üçin gam-gussaly gezmeli?


Ol deňzi gury ýere öwürdi; olar derýadan pyýada geçdi; Onuň şol ýerde edenlerine şatlandyk.


Ýa Reb, Sen Öz ýurduňa merhemet etdiň, Ýakup halkynyň abadanlygyny ýene gaýtaryp berdiň.


Hudaý Musa ýene-de şulary aýtdy: «Ysraýyllaryň ýanyna seni ata-babalaryňyzyň Hudaýy bolan Rebbiň, ýagny Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýynyň iberendigini aýt. Bu Meniň ebedilik adymdyr, şu at bilen Men nesilme-nesil ýatlanaryn.


Eý, Iýerusalim gyzlary! Size ýalbarýaryn, ýarymy görseňiz aýdyň, yşkdan heserländirin.


Şeýle diýersiňiz şol gün: «Rebbe şükür ediň, Onuň adyna öwgüler aýdyň; milletleriň arasynda Onuň işlerini aýan ediň, Adynyň beýikdigini jar ediň.


Şonuň üçin gündogarda Rebbi öwüň, Ysraýylyň Hudaýy Rebbiň adyny şöhratlandyryň deňiz adalarynda.


Ýa Reb, Sensiň meniň Hudaýym! Seni arşa çykararyn, alkyşa beslärin adyňy, çünki Sen ajaýyp işler etdiň, owaldan karar etdiň, kämil sadyklyk bilen.


Şol gün şeýle diýler: «Ine, Hudaýymyz budur, biz Oňa umyt bagladyk, Ol bizi halas etdi. Biziň umyt baglan Rebbimiz budur; halas bolanymyz üçin begeneliň, şatlanalyň!»


Ýa Reb, Hudaýymyz, Senden başga hökümdarlar bize agalyk etdiler, emma biz diňe Seniň adyňa hormat goýýarys.


Reb size merhemet etjek bolup garaşýar, ýokarda size rehim etmäge häzir, çünki Reb adalat Hudaýydyr; Oňa intizarlar nähili bagtly!


Ýa Reb, bize merhemet et! Biz Saňa umyt baglaýarys. Säherlerine güýç ber, hasratly pursatlarda bizi halas et!


Patyşalar saňa atalyk, şa aýallary saňa enelik ederler. Olar saňa tagzym edip, aýak tozuňyzy ýalarlar. Şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň. Maňa umyt baglaýanlar utanja galmaz».


«Meni diňle, eý, halkym, Maňa gulak goý, eý, milletim! Menden bir kanun çykar; adalatym halklara nur bolar.


Reb şeýle diýýär: «Adalaty saklaň, dogry işleri ediň, ine, Men tizara azat etmäge gelerin, halas edişimi aýan ederin.


Bütin halklar öz hudaýlarynyň yzyna eýererler, emma biz ömürlik Hudaýymyz Rebbiň yzyna eýereris.


Emma men gözlerimi Rebbe dikerin, Halasgär Hudaýyma bil baglaryn. Maňa gulak asar Hudaýym.


Gulum Musanyň kanunyny, bütin Ysraýyl üçin Meniň Horep dagynda onuň üsti bilen buýran parzlarymy we hökümlerimi ýatlaň.


Iordan derýasynyň boýunda, Ýerihonyň garşysynda ýerleşýän Mowap düzlüginde Rebbiň Musa arkaly ysraýyllara beren parzlardyr hökümleri şulardan ybaratdy.


Bu är-aýalyň ikisi-de Hudaýyň öňünde dogruçyl adamlar bolup, olar Rebbiň ähli buýruklarydyr parzlaryny birkemsiz berjaý ederdiler.


Günleriň birinde Isa olar bilen saçagyň başynda otyrka, şeýle buýruk berdi: «Iýerusalimden gitmäň, Meniň owal aýdyşym ýaly, Atamyň wada beren peşgeşine garaşyň.


Biz görmeýän zadymyza umyt baglap, şoňa sabyrlylyk bilen garaşýandyrys.


Goý, Reb ýürekleriňizi Hudaýy söýmäge we Mesihe sadyk bolmaga gönükdirsin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ