Ýehu olara: «Izebeli ýere taşlaň» diýip gygyrdy. Şeýdip, olar Izebeli ýere taşladylar. Onuň gany diwaryň, atlaryň ýüzüne syçrady. Atlar onuň jesedini basgyladylar.
Garyplara dogrulyk bilen kazylyk eder Ol, ýer ýüzündäki pukaralar üçin dogry karar çykarar. Buýruk bilen jezalandyrar dünýäni Ol, pisleri-de Öz sözleri bilen öldürer.
Saňa ezýet berenleriň nesilleri gelip, tagzym ederler saňa, seni kemsidenleriň ählisi aýagyňa ýykylarlar; saňa Rebbiň şäheri, Ysraýylyň Mukaddesiniň Siony diýer olar.
Munuň üçin Rebbiň Babyl hakdaky kararyny, babyllylaryň ýurduna niýetlän maksadyny eşidiň: Hakykatdan hem sürüleriniň iň kiçisi-de dargadylar, sürüleri olaryň kysmatyndan ýaňa dowla düşerler.
Patyşalyk, hökümdarlyk, tutuş gögüň astyndaky patyşalyklaryň beýikligi Beýik Hudaýyň mukaddes adamlaryna berler. Bu halkyň patyşalygy ebedi patyşalyk bolar. Ähli hökümdarlar bu halka gulluk edip, boýun egerler».
Garşyma eden ähli pis işleri üçin, şol gün halkym utandyrylmaz. Çünki Men özüne buýsanyp, men-menlik edýänleri araňyzdan aýraryn. Siz mukaddes dagymda mundan beýläk tekepbirlik etmersiňiz.
Eý, doganlar! Hudaý sizi çagyrmanka özüňiziň kim bolandygyňyzy ýada salyň. Araňyzda ynsan nukdaýnazaryndan dana, ygtyýarly, asylzada saýylýanlaryňyz köp däldi.
Gulak asyň, eý, söýgüli doganlarym! Hudaý bu dünýäde garyplary imana baý bolmaklary üçin saýlamadymy? Hudaý Özüni söýýänlere wada berşi ýaly, garyplary Şalygyny miras almaklary üçin saýlamadymy näme?
Ýeşuwanyň ýanyna getirdiler. Ýeşuwa ähli ysraýyllary çagyryp, özi bilen bile söweşen goşun ýolbaşçylaryna: «Öňe çykyň we aýaklaryňyzy bu hanlaryň boýnuna goýuň!» diýdi. Olar aýdylyşy ýaly etdiler.
Atamyň Maňa ygtyýar berşi ýaly, Men hem ýamanlykdan üstün çykana, Meniň yradamy ahyra çenli berjaý edene milletleriň üstünden ygtyýar bererin. Ol milletleri demir hasasy bilen dolandyrar; olary küýzegäriň golçasy deý çym-pytrak eder. Men oňa daň ýyldyzyny hem bererin.
Men şeýtanyň üýşmeleňini gelip, aýagyňa ýykylmaga mejbur ederin, olar seni söýýändigimi bilerler. Olar özlerini ýahudy saýsalar-da, olar asla ýahudy däl, olar ýalan aldaýarlar.