Soňra şeýle diý: „Babyl-da şeýdip suwa batar, onuň başyndan inderjek betbagtlygymdan ýaňa, indi ol hiç haçan galyp bilmez“». Ýermeýanyň sözleri şu ýerde gutarýar.
Taňry Ýakubyň ähli mekanyny weýran etdi hiç rehimdarlyk etmedi. Ýahuda gyzynyň galalaryny ýykdy gahar-gazaby ýatmady. Patyşalygyny hem hökümdarlaryny masgaralap, ýer bilen ýegsan etdi.
Owadanlygyň zerarly ýüregiňi tekepbir tutduň, şöhratparazlygyňdan ýaňa danalygyňy harladyň; Men seni ýere çaldym; görsünler diýip, patyşalaryň öňüne zyňdym.
Perişde batly gygyryp, şeýle diýdi: «Ýykyldy! Beýik Babyl ýykyldy! Ol jynlaryň mesgenine öwrüldi, ähli arwahlaryň sürenine öwrüldi, dürli haram we nejis guşlaryň penasyna öwrüldi.