Olar ertesi irden turup, Tekowa çölüne tarap gitdiler. Olar ýola rowana bolanlarynda, Ýehoşapat durup, şeýle diýdi: «Eý, ýahuda we Iýerusalim ilaty, maňa gulak asyň! Hudaýyňyz Rebbe ynanyň, şonda berk durarsyňyz. Rebbiň pygamberlerine ynanyň, şonda işiňiz şowuna bolar».
Aşur patyşasy ynsan güýji bilendir, emma biziň bilen Hudaýymyz Rebdir. Ol bize ýardam edip, biziň üçin söweşer». Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň sözleri halky ruhlandyrdy.
Sen öz Halasgär Hudaýyňy unutdyň, Penakäriň bolan Gaýany ýatlamadyň. Şoňa görä ýakymly ösümlikler ekseň-de, özge ýurtlaň ajaýyp nahallaryny oturtsaň-da,
Gorkmaň, eýmenmäň, Saňa owaldan aýtmadymmy, bildirmedimmi näme? Siz Meniň şaýatlarym! Hudaý barmy Menden başga? Başga Gaýa ýokdur, hiç birini bilmeýärin».
Edomdan, Bosradan gyrmyzy eşikli gelýän bu kim? Şöhratly lybas içinde beýik gudrat bilen ýöriş edýän bu kim? «Dabara bilen gepleýän, halas etmäge güýji ýetýän Mendirin!»
Nebukadnesar şeýle diýdi: «Şadragyň, Meýşagyň we Abednegonyň Hudaýyna alkyş bolsun! Perişdesini iberip, Özüne bil baglan gullaryny halas etdi. Olar patyşanyň buýrugyna boýun bolmadylar. Özleriniň Hudaýyndan başga hudaýa gulluk ýa sežde etmezlik üçin, janlaryny howp astyna saldylar.