Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 26:20 - Mukaddes Kitap

20 Geliň, eý, halkym, otaglaryňyza giriň-de, içinden ýapyň gapylary! Gazap geçýänçä, az salym gizleniň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Гелиң, эй, халкым, отагларыңыза гириң-де, ичинден япың гапылары! Газап гечйәнчә, аз салым гизлениң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 26:20
34 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb Nuha şeýle diýdi: «Ähli maşgalaň bilen gämä mün, çünki Men seniň döwürdeşleriňiň içinden diňe seniň dogruçyl adamdygyňy gördüm.


Ähli erkek hem urkaçy janly-jandarlar Hudaýyň Nuha buýruşy ýaly gämä mündüler. Onsoň Reb gäminiň gapysyny ýapdy.


Wah, meni ölüler dünýäsinde gizlesediň, gazabyň ýatyşýança, meni ýaşyrsadyň, maňa möhlet berip, onsoň meni ýatlasadyň!


Eý, Hudaý, Saňa täze nagma aýdaryn, on kirişli guralda Saňa mukam çalaryn.


Şonda zemin çaýkandy hem endiredi, daglar binýatlary sarsyp, lerzana geldi, sebäbi Reb gazaba mündi.


Rebbiň işlerine, Onuň elleriniň işine üns bermeýändikleri sebäpli, Ol weýran eder olary hem-de gaýdyp bina etmez olary.


Maňa gurlan tordan Sen meni çykar, çünki Sen meniň penamsyň.


Ol deňiz suwlaryny üýşmek kimin ýygnady, düýpsüz suwlary howdanlara sygdyrdy.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. «Heläk etme» äheňinde aýdylýan. Dawudyň miktamy.


Eý, hökümdarlar, dogrudan-da, adalatly kazylyk edýäňizmi? Siz ynsan ogullaryna ýüz görmezden höküm çykarýaňyzmy?


Rebbiň ady berk galadyr, dogruçyllar onuň içine özüni atyp howpsuz bolýarlar.


Paýhasly adam howpy görüp gizlenýändir, nadan göni gidip jeza alýandyr.


Ine, biraz wagtdan gaharym ýatyşar, gazabym aşurlylary heläk etmäge gönüger.


Dat günüňe, Aşur! Ol gaharymyň hasasydyr! Elindäki taýagydyr gazabym!


Öz gazabynyň ýaraglary bilen bütin ýer ýüzüni weýran etmek üçin, uzak ülkelerden, dünýäniň aňry ujundan geler Reb.


Reb milletlere gaharlanýar, goşunlaryna garşy gazaby tutaşýar, olary bütinleý ýok eder, ölüme berer.


«Sözlerimi agzyňa saldym, seni elimiň kölegesinde gizledim; gökleri berkarar etdim, ýeriň düýbüni tutdum, Siona: „Sen Meniň halkymsyň“ diýdim».


«Meni diňle, eý, halkym, Maňa gulak goý, eý, milletim! Menden bir kanun çykar; adalatym halklara nur bolar.


Bulary görüp, kalbyňyz şatlykdan dolar, bedeniňiz maýsa kimin gülläp öser; Rebbiň eliniň bendeleriniň üstündedigi aýan bolar, Onuň gazaby bolsa duşmanlaryna garşydyr.


Ruhanylary doýraryn bol iýmitden, halkym hem doýar näz-nygmatdan». Muny Reb aýdýandyr.


Olara diňe şu buýrugy beripdim: ‘Maňa gulak asyň. Men siziň Hudaýyňyz, siz hem Meniň halkymsyňyz. Diňe Meniň görkezen ýolumdan ýöräň, şonda gowy günler görersiňiz’.


Şonuň üçin hem Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Olary uzakdaky milletleriň arasyna iberdim, ýurtlara dargatdym. Şonda-da giden ýurtlarynda gysga möhlet üçin olara mukaddes öý bolan Mendirin“».


Bu patyşa öz islänini eder. Ol özüni beýgeldip, her bir hudaýdan özüni ýokary tutar. Hatda hudaýlaryň Hudaýyna garşy küpür geplär. Hudaýyň gazaply döwri tamamlanýança, patyşanyň işi rowaçlanar, çünki kabul edilen karar ýerine ýetmelidir.


Rebbiň emrlerini berjaý edýän ýurduň kiçigöwünlileri, Rebbi agtaryň, dogruçyllygy we pespälligi agtaryň. Belki, Rebbiň gazap gününde gizlenip saklanarsyňyz.


Eý, Iýerusalim! Pygamberleri öldürýän, özüne ýollananlary daşlaýan Iýerusalim! Towugyň öz jüýjelerini ganatlarynyň aşagyna ýygnaýşy ýaly, Men hem seniň çagalaryňy ençeme gezek ýygnajak boldum, emma siz muny islemediňiz.


Emma siz doga-dileg edeniňizde, otagyňyza girip, gapyny ýapyň-da, görünmeýän Ataňyza gizlinlikde ediň. Gizlinlikde edileni görýän Ataňyz siziň sylagyňyzy berer.


Çünki ýeňil we wagtlaýyn muşakgatlarymyz bize juda ajaýyp, beýik we baky şöhrat gazandyrar. Şonda bu muşakgatlar edil bolmadyk ýaly bolar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ