Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 26:2 - Mukaddes Kitap

2 Derwezeleri açyň, sadyk, dogry millet içeri girsin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Дервезелери ачың, садык, догры миллет ичери гирсин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 26:2
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Açlygyň, teşneligiň derdinden ýaňa, olarda ysgyn-mydar galmady.


Men bir gelmişek ýeriň ýüzünde, Öz tabşyryklaryňy gizleme menden.


Adalatly hökümleriňe bolan küýsegim, elmydama pagyş-para edýär meniň ýüregim.


Ýatlama Sen ýaşlyk günälerimi hem-de bitabynlyk ýodalarymy. Ýa Reb, sadyk söýgiňe görä, Öz ýagşylygyň hatyrasyna ýada sal meni.


Siz Meniň üçin ruhanylar bolup hyzmat edýän, Maňa bagyş edilen mukaddes millet bolarsyňyz“. Ine, seniň ysraýyllara aýtmaly sözleriň şudur».


Ysraýylyň bütin nesli Rebde aklanar, şöhratlanar.


Dogrulykda berkarar edilersiň, sütemden uzakda bolarsyň, gorkmarsyň; howp-hatardan daş bolarsyň, golaýlaşmaz saňa.


Seniň garşyňa ýasalan ýarag derde ýaramaz, hökümde garşyňa çykýan her dili aýyplarsyň. Rebbiň bendeleriniň mirasy şudur, Men olary aklaryn». Muny Reb aýdýandyr.


Şonda nuruňyz daň kimin ýalpyldar, basym şypa taparsyňyz, dogrulygyňyz öňüňizden gider, Rebbiň şöhraty yzda goragyňyz bolar.


Derwezeleriň açyk bolar mydam, milletleriň öz patyşalarynyň baştutanlygynda baýlyklaryny saňa getirerleri ýaly, gije-gündiz ýapylmaz.


Ýurduňda mundan beýläk zorluk, serhetleriň içinde weýrançylyk, gyrgynçylyk bolmaz; Hudaý halas edýär, alkyş bolsun Hudaýa.


Bütin halkyň dogruçyl bolar, olar ýurdy baky eýelärler, Özümiň şöhratlanmagym üçin, eken nahalym, ellerimiň işidir olar.


Sionda ýas tutýanlaryň aladasyny etmäge: külüň deregine owadan başatgyjyny, ýasyň deregine şatlyk ýagyny, gamgyn ruhuň deregine alkyş donuny bermäge iberdi meni. Rebbiň şöhratyny görkezmek üçin ekilen dogrulyk dub agaçlary diýler olara.


Sionyň dogrulygy nur kimin, halas ediliş ýanyp duran çyra deý parlaýança, Sionyň hatyrasyna, Iýerusalimiň hatyrasyna dymmaryn.


Geçiň, geçiň derwezelerden! Halkyň ýoluny taýynlaň! Çekiň, çekiň şaýoly, ony daşlardan arassalaň, halklar üçin baýdak dikiň!


Milletler dogrulygyňy, patyşalar şöhratyňy görerler; Rebbiň Öz agzyndan çykan täze at bilen atlandyrylarsyň.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ýene-de halklar we köp şäherleriň ilaty geler.


Hudaýa alkyş okap, bütin il içinde hormatlanylýardylar. Hudaý hem halas bolanlaryň sanyny günsaýyn köpeldýärdi.


Emma siz beýle dälsiňiz, çünki siz saýlanyp-seçilen halksyňyz. Siz patyşanyň ruhanylary, mukaddes millet, Hudaýa degişli halksyňyz. Hudaý sizi garaňkylykdan Özüniň ajaýyp nuruna çagyrdy. Siz Onuň şan-şöhratyny yglan etmek üçin saýlanyp-seçilensiňiz.


Emma biz Hudaýyň wadasyna esaslanyp, dogrulygyň mekany bolan täze asmana we täze ýere garaşýarys.


Eý, söýgüli doganlar! Men size Hudaýyň meni we sizi nähili halas edendigi barada ýazmagy juda makul bilýärdim. Emma muňa derek Hudaýyň Öz halkyna bir gezekde müdimilik tabşyran imany ugrunda sizi göreşmäge ruhlandyryp ýazmagymyň has-da wajypdygyna göz ýetirdim.


Halklar bu şäheriň nurunda gezerler. Dünýäniň şalary oňa öz şan-şöhratyny getirerler.


Olar täze bir aýdym aýdýardylar: Sen mynasypsyň bu kagyzy almaga, hem-de onuň möhürlerini döwmäge. Çünki Sen damagyň çalnyp, Öz ganyň bilen, her tireden, her dilden, her halkdan hem-de milletden Hudaý üçin adamlary satyn alansyň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ