Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 26:17 - Mukaddes Kitap

17 Dogurmak pursady ýakynlaşanda, burgudan ejir çekip, gygyrýan aýal nähili bolsa, biz-de, ýa Reb, Seniň öňüňde şeýle bolduk.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Догурмак пурсады якынлашанда, бургудан эҗир чекип, гыгырян аял нәхили болса, биз-де, я Реб, Сениң өңүңде шейле болдук.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 26:17
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Beýik Hudaý aýala şeýle diýdi: «Göwrelilik döwrüňdäki hasratyňy has artdyraryn, agyr burgy bilen dograrsyň çagalaryňy sen, sen äriňe meýilli bolarsyň, emma ol höküm sürer seniň üstüňden».


Muşakgatlyk wagtynda, duşmanlar nähak ýere maňa hüjüm edende, men näme üçin gorka düşeýin?


Dowla düşer olar, yza hem gaýgy basar; burgusy tutýan deý, agyry çeker olar, aňalyp birek-birege bakarlar, ýüzleri ýalyn dek lowlar.


Munuň üçin sanjy tutdy bilimden, dogurýan aýalyň burgusy dek, burgular tutdy meni; eşidýänlerimden ýaňa iki büküldim, görýänlerimden ýaňa gorky gaplady.


Olar Işaýa pygambere şeýle diýdiler: «Hizkiýa patyşa şeýle diýýär: „Şu gün biz hasrat, jeza we ryswalyk astyndadyrys; biziň ýagdaýymyz kuwwaty bolmadyk göwreli aýalyň çaga dogurýan bolşy ýalydyr.


Indi soraň, görüň, heý, erkegem çaga dograrmy? Näme üçin çaga dogurýan aýal ýaly erkekleriň ellerini bilinde görýärin? Näme üçin hemmäniň ýüzi soluk?


Men burgusy tutýan aýalyň sesini, ilkinji çagasyny dogurýanyň iňňildisini, ellerini uzadyp: «Waý halyma! Ganhorlaryň öňünde janym tapdan düşýär-le!» diýip, sojaýan Sion gyzynyň agysyny eşitdim.


«Olar hakdaky habary eşidenimizde, ellerimiziň ysgyny gaçdy. Dogurýan aýal kimin çekýäris dert-azaplary.


Aýal dogurjak wagty agyry çekýändir, sebäbi aýy-güni dolandyr. Emma çaga doglandan soň, ol çaganyň dünýä inenliginiň şatlygy bilen gaýgy-gussany unudar.


Adamlar heniz: «Hemmeler sag-salamat, howp-hatar hem ýok» diýip durkalar, olaryň üstünden heläkçilik iner. Bu edil göwreli aýalyň burgusy kimin duýdansyz başlanar. Şonda olar gaçyp gutulmazlar.


Aýal göwrelidi. Dogurjak bolup, burgusy tutup gygyrýardy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ