Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 26:16 - Mukaddes Kitap

16 Ýa Reb, hasrat içinde seni agtardylar, Senden temmi alanlarynda, pyşyrdap zordan dileg etdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Я Реб, хасрат ичинде сени агтардылар, Сенден темми аланларында, пышырдап зордан дилег этдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 26:16
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Öz bendäň bilen dawa girişme, çünki dirileriň hiç biri Seniň öňüňde aýypsyz çykmaz.


Reb halkyň güýjüdir, seçip-saýlanynyň halas berkitmesi Oldur.


Şonda Hudaýyň gurbanlyk sypasyna, keýpiköklügim bolan Hudaýyma bararyn. Eý, Hudaý, meniň Hudaýym, men Saňa lirada öwgi nagmasyny aýdaryn.


Şonda Seniň ýollaryňy bitabynlara öwrederin men, günäkärler hem Saňa öwrüler.


Eşiden we bilen zatlarymyzy, atalarymyzyň bize aýdanlaryny.


Olar garrasa-da, miwe getirýärler, elmydama şireli hem-de ýaşyldyr.


Olar Işaýa pygambere şeýle diýdiler: «Hizkiýa patyşa şeýle diýýär: „Şu gün biz hasrat, jeza we ryswalyk astyndadyrys; biziň ýagdaýymyz kuwwaty bolmadyk göwreli aýalyň çaga dogurýan bolşy ýalydyr.


Olar bir agaja ‘Sen meniň atamsyň’, bir daşa ‘Meni sen dogurdyň’ diýýärler. Olar Maňa ýüzlerini däl-de, ýeňselerini öwürdiler. Emma başlaryndan bela inende, ‘Gel-de, bizi halas et!’ diýýärler.


Eý, Liwanda mesgen tutan, kedr agaçlarynda höwürtge ýasan! Seni çaga dogurýanyňky ýaly burgydyr sanjy gurşanda, çekersiň ahy-nala!


Onsoň Meni çagyrarsyňyz, gelip, Maňa doga okarsyňyz, Men-de sizi eşiderin.


Tur! Gijeki nobat başynda perýat et! Ýüregiňi Taňrynyň huzurynda suw kimin dök! Her köçäniň başynda açlygyndan ýykylýan çagalaryňyň jany üçin eliňi ser Oňa.


Olar günälerini boýun alyp, Meniň huzurymy ýürekden agtarýançalar, hasratly ýagdaýda meni yzlaýançalar, Men öz mekanyma giderin».


Ýüreklerinden maňa perýat etmeýärler. Düşegiň üstünde ýatyp uwlaýarlar. Galla ýa-da täze şerap üçin tenine ýara salýarlar. Menden bolsa ýüz öwürýärler.


Halk Musanyň ýanyna gelip: «Rebbe we saňa dil ýetirip, biz günä iş etdik. Ýylanlary aramyzdan aýrar ýaly, Rebden dileg et» diýdiler. Musa halk üçin dileg etdi.


Men Öz söýýänlerime käýäp, olary terbiýeleýändirin. Şonuň üçin-de, yhlasly bol, toba et!


Ysraýyllar Rebbe ýüzlenip: «Biz Seniň öňüňde günäli, bize islän jezaňy berip bilersiň, ýöne bu gün bizi halas et!» diýdiler.


Hanna oňa: «Ýok, agam, men serhoş däl, men ýarym göwün bir biçäre. Meniň çakyr-şerapdan içen zadym ýok. Men diňe Rebbiň huzurynda içimi dökýän.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ