Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 26:1 - Mukaddes Kitap

1 Şol gün Ýahuda ýurdunda şu aýdym ýaňlanar: «Bizde güýçli şäher bar, Hudaýyň halas edişi diwarlardyr seňňerler ýalydyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Шол гүн Яхуда юрдунда шу айдым яңланар: «Бизде гүйчли шәхер бар, Худайың халас эдиши диварлардыр сеңңерлер ялыдыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 26:1
34 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar Rebbi alkyşlap, Oňa şükür edip: «Reb ýagşy, Onuň Ysraýyla bolan söýgüsi baky» diýip, nagma aýtdylar. Rebbi alkyşlanlarynda, bütin halk uly şowhun etdi, sebäbi Rebbiň öýüniň düýbi tutulypdy.


Mazarlary baky öýleri bolar, mesgenleri geçer nesilden-nesle, atlaryny dakýarlar öz mülklerine.


Meniň agzym danalygy sözlesin, ýürek pikirlerim düşünje bersin.


Şol gün siz, ysraýyllar şeýle diýersiňiz: «Ýa, Reb Saňa şükür ederin, Sen bize gaharlanan hem bolsaň, gaharyň sowuldy, teselli berdiň bize Sen.


Perýat et, eý, derweze! Nala çek, eý, şäher! Eý, piliştliler, gorkudan titräň! Demirgazykdan tüsse çykýar, goşun hatar-hatar bolup gelýär».


Halkyň gedem bakyşlary peseldiler, ynsan tekepbirligi egler, şol gün diňe Reb beýgeldiler.


Şol gün adamlar özleriniň sežde etmek üçin ýasan altyn-kümüş butlaryny körsyçanlaryň, ýarganatlaryň öňüne oklarlar.


Şol gün şeýle diýler: «Ine, Hudaýymyz budur, biz Oňa umyt bagladyk, Ol bizi halas etdi. Biziň umyt baglan Rebbimiz budur; halas bolanymyz üçin begeneliň, şatlanalyň!»


Guşlaryň ganat gerip, öz çagalaryny goraýşy dek, Hökmürowan Reb-de Iýerusalimi gorar; Ol ony gorar, halas eder, rehim eder, azat eder».


Gorkudan ýaňa ýykylar olaryň gaýasy, serkerdeleri baýdagy görüp titreşerler». Muny ody Sionda, ojagy Iýerusalimde bolan Reb aýdýandyr.


Beýikdir ýokarda oturan Reb, adalatdan, dogrulykdan doldurýar Ol Siony.


Ol seniň döwürleriň berk binýadydyr, bol danalyk hem bilim bolar; Ol yzygiderli halas eder. Rebden gorkmak halkynyň hazynasydyr.


Şol gün Rebbiň şahasy gözel, şöhratly bolar; ýurduň miwesi Ysraýylyň aman galanlaryna buýsanç hem abraý bolar.


Söýgülime üzümçilik hakdaky söýgi nagmamy aýdaýyn: mes toprakly depede söýgülimiň üzümçiligi bar.


öýümde, diwarlarymyň içinde ogul-gyzlaryňkydan-da zyýada hatyra hem at bererin; olara ölmez-ýitmez ebedi at bererin.


Ýurduňda mundan beýläk zorluk, serhetleriň içinde weýrançylyk, gyrgynçylyk bolmaz; Hudaý halas edýär, alkyş bolsun Hudaýa.


Geçiň, geçiň derwezelerden! Halkyň ýoluny taýynlaň! Çekiň, çekiň şaýoly, ony daşlardan arassalaň, halklar üçin baýdak dikiň!


Reb ýeriň aňry ujuna yglan etdi: «Sion gyzyna şeýle diý: „Ine, Halasgäriň gelýär; Onuň sylagy ýanyndadyr“».


şatlykdyr gülki sesi, öýlenýän ýigit bilen gelniň toý sesi, Rebbiň öýüne şükür sadakalaryny getirip, şu aýdymy aýdýanlaryň sesi ýaňlanar: ‘Hökmürowan Rebbe alkyş bolsun! Çünki Reb ýagşydyr, sadyk söýgüsi bakydyr!’ Men ýurduň öňki abadançylygyny ozalkysy ýaly gaýtaryp bererin. Muny Reb aýdýandyr“.


Ine, Hudaýyň öýüniň daşynda töwerekleýin diwar bardy. Ýaňky adamyň elinde uzynlygy alty tirsek bolan ölçeg taýagy bardy, her tirsek adaty tirsekden dört barmak uzyndy. Ol diwaryň galyňlygyny ölçedi: onuň ini-de, boýy-da bir ölçeg taýagyna deňdi.


Men onuň daşynyň otly diwary, içiniň şöhraty bolaryn. Muny Reb diýýär“» diýdi.


Indi Men olaryň garşysyna el göterjek; olary öz gullary talaňa salar». Şonda ýanyňyza meni Hökmürowan Rebbiň iberendigini bilersiňiz.


Şonda olar şu aýdymy aýtdylar: «Suwlaryň joşsun, eý, guýy! Munuň şanyna aýdym aýdalyň!


Men saňa şuny aýdaýyn: Eý, Petrus! Sen gaýasyň, Men ýygnagymy bu gaýanyň üstünde guraryn, hatda ölüm-de bu ýygnagymy ýeňip bilmez.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ