Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 25:8 - Mukaddes Kitap

8 Ölümi ebedilik ýuwudar Ol; gözýaşlary süpürer Hökmürowan Reb, halkynyň utanjyny bütin ýer ýüzünden aýrar Ol. Muny Reb aýdýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Өлүми эбедилик ювудар Ол; гөзяшлары сүпүрер Хөкмүрован Реб, халкының утанҗыны бүтин ер йүзүнден айрар Ол. Муны Реб айдяндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 25:8
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma ölüleriň ýaşar, jesetler direler. Eý, toprak astynda ýatanlar, oýanyň, şatlykdan aýdym aýdyň! Çygyň ertiriň çygy kimindir, toprakdaky merhumlar ýaşaýşa ýeter.


Eý, Sionyň–Iýerusalimiň halky, aglamarsyňyz indi siz! Perýat edeniňizde, size merhemet eder Ol, ony eşideninde, size jogap berer.


Rebbiň Öz halkynyň ýaralaryny sarap, Öz ýetiren şikesine şypa beren güni, Aýyň nury Günüň nury dek, Günüň nury ýedi Günüň nury dek, ýedi esse artyk bolar.


Rebbiň azat edenleri yza dolanarlar, aýdym aýdyp, Siona gaýdyp gelerler; ebedi şatlyga gowşar olar, begençden, şatlykdan dolarlar, gaýgydyr gam-gussa ýok bolar.


Olar Işaýa pygambere şeýle diýdiler: «Hizkiýa patyşa şeýle diýýär: „Şu gün biz hasrat, jeza we ryswalyk astyndadyrys; biziň ýagdaýymyz kuwwaty bolmadyk göwreli aýalyň çaga dogurýan bolşy ýalydyr.


Rebbiň azat edenleri dolanarlar, aýdym aýdyp, Siona gelerler, başlarynda ebedi şatlyk bolar, begenç hem şatlyk taparlar olar, gam-gussa hem nala ýok bolar.


Eý, dogrulygy bilýänler, kanunymy ýüreginde saklaýanlar, Meni diňläň! Ynsanlaryň ýazgarmalaryndan gorkmaň, olaryň sögünçlerinden heder etmäň.


Gorkma, utanja galmarsyň sen; ruhdan düşme, ryswa bolmarsyň sen; ýaşlygyňdaky utanjyňy unudarsyň, dulluk ryswaňy ýatlamarsyň mundan beýläk.


Terk edilip, ýigrenilip, üstüňden hiç kim geçmedi. Indi bolsa Men seni baky beýik, nesilden-nesle şatlyk ederin.


Utanç deregine iki esse paý alarsyňyz, ryswalyk deregine mirasyňyzda şatlanarsyňyz; munuň üçin siz iki esse mülkli bolarsyňyz, ebedi şatlyk siziňki bolar.


Iýerusalim üçin şatlanaryn, halkym üçin begenerin. Indi ne agy sesi ne-de ahy-nala eşidiler ol ýerde.


Eý, Rebbiň sözüne titreýänler, Onuň sözüne gulak goýuň: «Sizi ýigrenýän, Meniň adym üçin sizi ret edýän doganlaryňyz: „Reb şöhratlandyrylsyn, bizem siziň şatlygyňyzy göreli!“ diýdiler. Emma olaryň özleri utandyrylar».


Reb şeýle diýýär: «Sesiňi agydan, gözleriňi ýaşdan sakla, çünki çekýän zähmetiňiň öwezi tölener, çagalaň duşman ýurdundan yzyna geler. Muny Reb aýdýandyr.


Men ölüler dünýäsiniň gazabyndan gutarmaýynmy olary? Olary ölümden halas etmäýinmi? Eý, ölüm, hany seniň gyrgyn keseliň? Eý, ölüler dünýäsi, hany seniň weýrançylygyň? Nazarymdan rehimi aýraryn.


Ol: «Muny meniň üçin eden Rebdir. Indi Ol maňa nazar salyp, il arasyndaky utanjymdan dyndardy» diýýärdi.


Ýok edilmeli duşmanlaryň iň soňkusy hem ölümdir.


Şunlukda, çüýreýän ten çüýremezlige, ölýän ten ölmezlige beslenende, «Ýeňiş ölümi ýuwutdy» diýlen sözler berjaý bolar.


şindi Halasgärimiz Isa Mesihiň gelmegi bilen aýan edildi. Ol ölümi ýok edip, Hoş Habar arkaly baky ýaşaýşy we ölmezligi aýan etdi.


Mesihiň ady sebäpli kemsidilýän bolsaňyz, bagtyýarsyňyz, sebäbi Hudaýyň şöhratly Ruhy sizde mesgen tutandyr.


Onsoň ölüm we ölüler dünýäsi ýanyp duran köle zyňyldy. Ine, bu otly köl ikinji ölümdir.


Ol Öz halkynyň gözleriniň her bir gözýaşyny süpürer. Indi ne ölüm, ne-de ýas, ne agy, ne-de agyry bolar. Çünki öňki zatlar geçip gitdi».


Çünki tagtyň ortasynda duran Guzy olary bakar, olary ýaşaýyş suwunyň gözbaşlaryna äkider. Hudaý olaryň gözýaşlarynyň her damjasyny süpürer».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ