Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 25:2 - Mukaddes Kitap

2 Sen şäheri daş üýşmegine, diwarly şäheri harabalyga öwürdiň; kesekileriň köşkleri bolan şäherleri ýok etdiň, olar bina edilmez asla.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Сен шәхери даш үйшмегине, диварлы шәхери харабалыга өвүрдиң; кесекилериң көшклери болан шәхерлери ёк этдиң, олар бина эдилмез асла.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 25:2
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaýyň ýykanyny hiç kim dikeldip bilmez, Onuň gabanyny hiç kim boşadyp bilmez.


Ol ýer ilatsyz galar, hiç haçan ýaşaýyş bolmaz onda, araplar çadyrlaryny dikmezler, çopanlar sürülerini bakmazlar.


Wagşy haýwanlar ýatar ol ýerde, baýguşdan dolar öýleri, düýeguşlar mesgen tutar, geçiler bökjeklärler ol ýerde.


Saraýlarynda syrtlanlar, köşklerinde şagallar uwlaşar; Babylyň soňy ýakyndyr, onuň günleri uzak bolmaz.


«Ony baýguşhana, batgalyga öwrerin, heläkçilik sübsesi bilen süpürerin» Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Damask baradaky pygamberlik: Ine, Damask indi şäher saýylmaz, ol harabaçylyga öwrüler.


Efraýymda gala galmaz, Damaskda şa bolmaz, Siriýanyň aman galanlary Ysraýyl ogullarynyň şöhraty deý bolar. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Jübüt-jübüt atlylar gelýär, ine, öz söweş arabalaryny tirkäp. „Ýykyldy, Babyl ýykyldy; onuň but-hudaýlary ýere ýazyldy, owradyldy“» diýip jogap berdi ol.


Reb deňiz üstüne elini uzadyp, patyşalyklary titretdi; ýok etmegi buýurdy ol Kengan galalaryny.


Babyllylaryň ýurduna sered-ä, bu halk indi ýok! Wagşy haýwanlaryň eline berdi aşurlylar ony. Olar gabaw diňlerini dikdiler, galalaryny ýykyp, haraba öwürdiler ony.


Weýran bolan şäher harabalykdyr, hiç kim girmez ýaly, ähli öý ýapyldy.


Ýer bilen ýegsan ediler, diwarlaryndaky berkitmeler.


Tekepbirleri kiçeldýär, beýik şäheri ýykyp, ýer bilen ýegsan edýär ony.


Diwarly şäher terk edilýär, çöl kimin terk edilen, taşlanan ýurtdyr bu; göleler ol ýerde otlap, agaçlaryň şahalaryny iýýärler; ol ýerde ýatýarlar.


Köşk terk ediler, şowhunly şäher boş galar; galadyr gözegçi diňi harabalyga, gulanlaryň giň ýerine, sürüleriň örüsine öwrüler.


Jeňňel bütinleý ýok bolsa-da, ýer bilen ýegsan edilenem bolsa şäher,


Köşklerinde tikenler, galalarynda çitçitidir bürmekler gögerer, şagallaryň mekanyna, düýeguşlaryň mesgenine öwrüler.


Eşitmediňmi näme sen ozaldan şu netijä gelenimi? Gadymdan bäri muny ýüregime düwüp ýördüm, indi şu gün ony amala aşyrýaryn, sen galalary weýran edersiň, harabaçylyga öwrersiň.


Senden burç daşyny, binýat daşyny almazlar, sen ebedilik haraba bolarsyň». Muny Reb aýdýandyr.


Men Iýerusalimi weýran edip, şagallar sürenine öwrerin. Ýahuda şäherlerini ilatsyz goýup, harabaçylyga öwrerin.


Ondan alnan ähli oljany meýdançada bir ýere ýygnaň. Soňra galany we ondan alnan ähli oljany Hudaýyňyz Rebbe başbitin ýakma gurbanlygy hökmünde oda ýakyň. Ol ýer hemişelik harabaçylyga öwrülsin, hiç haçan täzeden gurulmasyn.


Olar başlaryndan gum sowrup, aglarlar, ýas tutup, ses edip möňňürerler: „Waý, halyňa waý, beýik şäher! Deňizde gämileri bolanlaryň bary bu şäheriň baýlygy arkaly baýapdy. Indi bolsa ol bir sagatda weýran edildi!“


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ