Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 25:11 - Mukaddes Kitap

11 Ýüzüjiniň ýüzjek bolup, ellerini galgadyşy kimin, olar-da onuň içinde ellerini galgadarlar; emma Hudaý elleriniň ussatlygyna garamazdan, olaryň tekepbirlerini peselder.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Йүзүҗиниң йүзҗек болуп, эллерини галгадышы кимин, олар-да онуң ичинде эллерини галгадарлар; эмма Худай эллериниң уссатлыгына гарамаздан, оларың текепбирлерини песелдер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 25:11
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gör, onuň bilinde nähili güýç bar, garnyndaky muskullary nähili güýçli!


Şonda olara gahar bilen ýüzlener, gazabynda olary eýmendirer:


Ine, Hökmürowan Taňry Reb gudratly güýji bilen keser şahalary, iň beýik agaçlar çapylar, belentlikleri ýere ýazylar.


Men dünýäni ýamanlygy üçin, etmişleri üçin jezalandyraryn erbetleri; tekepbirleriň gedemliginiň soňuna çykaryn, zalymlaryň ulumsylygyny peselderin.


Bütin dünýä hakda edilen karar budur, ähli milletlere tarap uzan el budur.


Indi Reb şeýle diýýär: «Hakyna tutma işçiniň möhleti ýaly üç ýylyň dowamynda Mowabyň şan-şöhraty uly halky bilen birlikde abraýdan düşer; gutulanlary juda az we güýçsüz bolar».


Mowabyň tekepbirligi, onuň hetdenaşa gedemligi, men-menligi, ulumsylygy, gazaby barada eşitdik; boş ýere öwünýär ol.


Rebbiň howpundan, Onuň şan-şöhratyndan gaýalarda bukulyň, toprak astynda gizleniň.


Halkyň gedem bakyşlary peseldiler, ynsan tekepbirligi egler, şol gün diňe Reb beýgeldiler.


Her bir beýik diňe, her bir berk gala garşydyr.


gurak ýerdäki yssy kimindir, kesekileriň galmagalyny ýatyrarsyň; bulut kölegesi bilen yssyny basyşyň kimin, ýowuzlaryň aýdymy-da ýatyryldy.


Munuň üçin Rebbiň gazaby Öz halkyna garşy lowlaýar, elini olara garşy uzadyp, jeza berýär; daglar titreşýär, maslyklary zibil kimin köçelerde ýatyr, Şonda-da Onuň gazaby köşeşmändi, eli entek hem jeza bermäge taýyn.


Şonuň üçin Men oňa beýik adamlaryň arasyndan paý bererin; oljany güýçlüler bilen paýlaşar ol, janyny gurban etdi ol, ýazyklylar bilen bir saýyldy; ol köpleriň günäsini öz üstüne aldy, olaryň ýazyklarynyň geçilmegini diledi.


Men öz isleglerine eýerip, ýaman ýoldan ýöreýän pitneçi halka, günuzyn ellerimi uzadyp otyryn.


Biz Mowabyň tekepbirligi, onuň çensiz gedemligi, badyhowalygy, buýsanjaňlygy, kalbynyň ulumsylygy barada eşitdik.


Mowap Rebbe garşy baş galdyrandygy üçin, halk bolmakdan mahrum bolar.


Emma ahyrky günlerde Men Mowabyň öňki abadançylygyny gaýtaryp bererin“. Muny Reb aýdýandyr. Ine, Mowabyň jezasy şu ýerde gutarýar».


Babyl hudaýy Beli jezalandyraryn, ýuwudanyny gusduraryn, milletler gaýdyp oňa tarap eňmezler, Babylyň diwary ýykylar.


Hudaý ruhy güýçleriň we ygtyýarlyklaryň elinden ýaragyny aldy we olary Isa Mesih arkaly ýeňip, açykdan-açyk paş etdi.


Emma Hudaý bize has beýik merhemet berýär. Şoňa görä Mukaddes Ýazgylar şeýle diýýär: «Hudaý tekepbirlere garşydyr, emma pespäl adamlara merhemet edýändir».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ