Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 25:10 - Mukaddes Kitap

10 Rebbiň eli bu dagda bolar, dersli çukurda samanyň depelenişi kimin mowaplylar-da öz ýerlerinde basgylanar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Реббиң эли бу дагда болар, дерсли чукурда саманың депелениши кимин моваплылар-да өз ерлеринде басгыланар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 25:10
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eý, Hudaý hoşamaý seret patyşa – galkanymyza, merhemet et Öz seçip-saýlanyňa.


Madmena gaçyp gidýär, Gebimiň ilaty pena agtarýar.


Ony hudaýsyz milletiň garşysyna, gazaplanan halkymyň garşysyna iberýärin, oňa talamagy, talanyny olja almagy, olary köçeleriň palçygy kimin aýak astyna almagy buýurdym.


Şol gün Ýyşaýyň köki halklara nyşan bolar; milletler Oňa ýüz tutarlar, Onuň mesgeni şöhratly bolar.


Olar bilelikde günbatardaky piliştlileriň üstüne hüjüm ederler, bilelikde gündogaryň halkyny talarlar, Edoma, Mowaba garşy el galdyrarlar, ammonlar tabyn bolarlar olara.


Eý, Sion halky, heşelle kak, gygyr! Araňyzdaky Ysraýylyň Mukaddesi beýikdir!»


Emma terk edilen çaga kimin gabryňdan daşary atyldyň; gylyçdan geçirilen, gabryň daşly düýbüne atylan jesetler bilen örtülýärsiň. Aýak astynda depelenen maslyk deý,


Indi Reb şeýle diýýär: «Hakyna tutma işçiniň möhleti ýaly üç ýylyň dowamynda Mowabyň şan-şöhraty uly halky bilen birlikde abraýdan düşer; gutulanlary juda az we güýçsüz bolar».


Mowabyň tekepbirligi, onuň hetdenaşa gedemligi, men-menligi, ulumsylygy, gazaby barada eşitdik; boş ýere öwünýär ol.


Reb maňa şeýle diýdi: «Günüň howurly yssysy dek, hasyl wagtyndaky çygly bulut dek, mesgenimden ümsüm serederin».


Hökmürowan Reb bu dagda ähli halklar üçin bol iýmitli, sap şeraply, ýilikli, bol etden, süzülen sap şeraply meýlis gurar.


Ol şäher ejizleriň aýaklary, mätäçleriň dabanlary bilen basgylanar».


Munuň üçin Rebbiň gazaby Öz halkyna garşy lowlaýar, elini olara garşy uzadyp, jeza berýär; daglar titreşýär, maslyklary zibil kimin köçelerde ýatyr, Şonda-da Onuň gazaby köşeşmändi, eli entek hem jeza bermäge taýyn.


Mowap hakynda Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Nebonyň halyna waý! Çünki ol haraba döndi. Kirýataýym ryswa bolup, basylyp alyndy; gala masgara bolup, weýran edildi.


Indi Mowaba öwgi aýdylmaz; Heşbonda oňa garşy dildüwşük gurdular: „Geliň, millet bolmaz ýaly, ony ýok edeliň“ diýdiler. Eý, Madmen, seniň sesiň gapylar, gylyç seni kowalar.


Terk etdi Taňrym ähli urşujylarymy, goşun çagyrdy gyrmak üçin ýigitlerimi. Taňry Ýahuda boý gyzyny üzüm sykýan dek sykyp ýençdi.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Mowap bilen Segir: „Ýahuda halky hem beýleki milletler ýalydyr“ diýdiler.


Şäheriň tutuş töweregi on sekiz müň tirsek bolar. Şol günden başlap, şäheriň ady «Reb ol ýerdedir» bolar.


Reb şeýle diýýär: «Eý, Sion gyzy! Tur, döwek döw! Şahyňy demirden, toýnaklaryňy bürünçden ederin Men. Onsoň sen köp halklary ezersiň. Olaryň ähli gazananlaryny, baýlyklaryny Maňa – bütin älemiň Hökümdaryna bagyş edersiň».


Munuň üçin Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb Öz barlygyndan ant içip, şeýle diýýär: «Mowap halkyny Sodom kimin, Ammon halkyny Gomora kimin gyraryn! Bu ýurtlar tikenekli otlardan, duzly çukurlardan dolup, baky haraba öwrülerler. Aman galan halkym Mowaby, Ammony talar, gutulan milletim ol ýurtlary eýelär».


Men ony görýän, ýöne häzir däl, oňa bakýan, ýöne ýakyn däl. Ýakubyň neslinden ýyldyz dörär. Ysraýyldan bir şalyk hasasy göterilip, Mowabyň maňlaýyny ýarar, Şisleriň başyny mynjyradar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ