Şatlyk hem begenç aýryldy hasylly baglardan; üzümçiliklerde ne aýdym aýdylýar, ne-de heşelle kakylýar; üzüm sykýançy üzüm sykmaýar, kesdim olaryň şagalaň şowhunyny.
Ýurduň harabaçylyga öwrülendigi üçin, Ýahudanyň şäherlerinde, Iýerusalimiň köçelerinde şatlykdyr gülki sesini, ýigit bilen gelniň toý sesini keserin“».
Men olara garşy elimi uzadyp, olaryň çöllükden tä Dibla çenli bolan ilatly ýerlerini harabaçylyga we weýrançylyga öwrerin. Onsoň olar Meniň Rebdigimi bilerler“».