Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 24:5 - Mukaddes Kitap

5 Ilatlar harama çykardy dünýäni, olar kanunlardan çykdylar, parzlary saklamadylar, ebedi ähti bozdular.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Илатлар харама чыкарды дүнйәни, олар канунлардан чыкдылар, парзлары сакламадылар, эбеди әхти боздулар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 24:5
49 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Meniň neslim hem Hudaýyň öňünde şeýle dälmi näme?! Sebäbi Ol meniň bilen baky äht baglaşdy, bu äht tertip-düzgünli we bozulmazdyr. Meniň halas bolmagym, arzuwlarym Oňa bagly dälmi näme?!


Şonuň üçin-de Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Ine, Men Iýerusalimiň we Ýahudanyň başyna şeýle bir betbagtçylyk getirerin welin, ol barada eşiden her kişiniň ýüregi ýarylar.


Çünki olar Meniň ýigrenýän işlerimi edip, atalarynyň Müsürden çykan gününden, tä şu güne çenli Meni gazaplandyryp geldiler“».


Manaşa Ýahudanyň we Iýerusalimiň ilatyny şeýle bir azdyrdy welin, olar Rebbiň ysraýyl halkynyň öňünden kowup çykaran milletlerinden hem has köp pis işleri etdiler.


Olary duşman elinden halas eýledi, olary ýagynyň penjesinden Ol azat etdi.


Hudaýy Onuň wadasy üçin şöhratlandyrýaryn, Oňa bil baglap, gorkmaýaryn men; ynsan maňa näme edip bilsin?


Ony hudaýsyz milletiň garşysyna, gazaplanan halkymyň garşysyna iberýärin, oňa talamagy, talanyny olja almagy, olary köçeleriň palçygy kimin aýak astyna almagy buýurdym.


Bu pitneçi halk, hilegär ogullar, Rebbiň öwüdine gulak goýmaýan ogullardyr.


Şaýollar çolarýar, ýolagçylar ol ýoldan geçmez. Şertnama bozulýar, antlaryny ret edýärler, ynsanlary äsgermeýärler.


Reb şeýle diýýär: «Ejeňiz talak zerarly gitdimi? Eýsem bergidar bolup satdymmy sizi? Ine, siz öz etmişleriňiz sebäpli satyldyňyz, siziň ýazyklaryňyz zerarly ejeňiz kowuldy.


Munuň üçin Reb olaryň ýaşlaryna guwanmaz, rehim etmez ýetimine, dul hatynyna, çünki her kes hudaýsyz hem pis, hemmäniň agzyndan akmak söz çykýar. Bulara garamazdan, Rebbiň gazaby sönmändi, eli şindi jeza bermäge taýyn.


Olar ýene-de sözlerime gulak asmak islemedik ata-babalarynyň etmişlerine tarap dolandylar. Başga hudaýlaryň yzyna düşüp, olara gulluk etdiler. Ysraýyl we ýahuda halky özleriniň ata-babalary bilen eden ähtimi bozdular.


Olar ýüzlerini Siona tarap öwrüp, oňa gidýän ýoly sorarlar. „Geliň, unudylmajak ebedi äht arkaly Reb bilen birleşeliň“ diýerler.


Hawa, Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Sen eden ähtiňi bozup, içen antyňy harladyň. Men-de seni edil öz edişiň ýaly ederin.


Ýöne ysraýyl halky çölde Meniň garşyma gozgalaň turuzdy. Meniň parzlarymy, hökümlerimi berjaý eden adam aman galsa-da, olar kanunlarymy ýerine ýetirmediler. Hökümlerimi ret etdiler, mukaddes Sabat günümiň kanunlaryny bütinleý harladylar. Onsoň Men çölde gahar-gazabymy başlaryndan inderip, olary ýok etjekdigimi aýtdym.


Olaryň gözleri ata-babalarynyň butlarynyň yzyndadygy üçin, hökümlerimi ýerine ýetirmediler, parzlarymy ret etdiler we mukaddes Sabat günümiň kanunlaryny harladylar.


Men olar bilen parahatçylyk ähtini baglaşaryn, bu baky äht bolar. Olary ornaşdyryp, köpelderin we mukaddes öýümi ebedilik olaryň ortasynda berkarar ederin.


Ol Beýik Hudaýa garşy küpür geplär, Beýik Hudaýyň mukaddes adamlaryny ezer. Baýramçylyk senelerini we kanunyny üýtgetmäge dyrjaşar. Onsoň bular bir wagta, iki wagta, ýarym wagta çenli bu patyşanyň eline berler.


Hudaýymyz Rebbiň sözüne gulak asmadyk, Onuň gullary bolan pygamberler arkaly bize beren kanunlary bilen ýöremedik.


Seniň buýruklaryňdan we hökümleriňden ýüz öwrüp, günä gazandyk, azgynlyk etdik, erbetlik edip, Seniň garşyňa baş galdyrdyk.


Olar Adam ata ýaly, ähti bozdular, ol ýerde maňa biwepalyk etdiler.


Mesgen tutmagyňyz üçin alyp barýan ýurdumyň sizden ýüz döndermezi ýaly, siz Meniň parzlarymy we hökümlerimi saklap, olary berjaý ediň.


Ol ýerde ýaşaýarkaňyz Sabat günleriňiz boş ýatmadyk ýer, şu wagt siz ýesirlikdekäňiz, boş ýatsyn.


Turuň, gidiň, çünki bu ýer dynçlyk ýeri däldir! Murdarlygyňyz zerarly bu ýer zalymlyk bilen weýran ediler.


Bu är-aýalyň ikisi-de Hudaýyň öňünde dogruçyl adamlar bolup, olar Rebbiň ähli buýruklarydyr parzlaryny birkemsiz berjaý ederdiler.


Ýöne Ýeşurun semredi, depmäge başlady. Garnyny ýag alyp agyrlaşdy. Özüni ýaradan Hudaýyndan ýüz öwürdi, ret etdi Halasgär Gaýasyny.


Ol diýdi: „Gizläýin olardan ýüzümi, soňuny göreýin olaryň. Çünki biderek nesildir olar, biwepa perzentlerdir.


Islegini amala aşyrmagymyz üçin, goý, parahatlyk berýän Hudaý bizi ähli gerekli zatlar bilen üpjün etsin. Ol Rebbimiz Isany ebedilik äht baglaşýan gany arkaly ölümden direltdi we Ony Öz halkynyň beýik Çopany edip belledi. Goý, Hudaý Özüni hoşnut edýän işleri etmegimiz üçin, Isa Mesih arkaly bizi kämilleşdirsin. Isa Mesihe baky şan-şöhrat bolsun! Omyn.


Birinji äht döwründe sežde etmegiň kada-kanunlary we dünýewi Mukaddes çadyr bardy.


Eger-de siz özüňize berjaý etmek üçin berlen Hudaýyňyz Rebbiň ähtini bozsaňyz we başga hudaýlara gulluk edip, olara sežde etseňiz, onda Rebbiň gahar-gazaby siziň garşyňyza tutaşar. Siz Rebbiň beren bu oňat ýerinde şobada heläk bolarsyňyz».


Şeýlelikde, Ýeşuwa şol gün adamlar bilen äht baglaşdy we Şekemde olar üçin parzlar we düzgünler çykardy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ