Emma bu dagan, talanan halkdyr. Ählisi gowaklarda duzaga düşen, Tussaghanalarda gizlenen; olar olja boldular, halas edýän ýok. Talandylar, «Yzyna gaýtar!» diýýän ýok.
Onsoň men: «Ýa Reb haçana çenli?» diýip soradym. Ol şeýle jogap berdi: «Şäherler weýran bolup, ilatsyz galýançalar, öýler adamsyz galyp, ýurt bütinleý haraba öwrülýänçä,
Şonuň üçin hem, eý, Ysraýyl daglary, Hökmürowan Rebbiň sözüni eşidiň. Hökmürowan Reb daglara we depelere, jülgelere we derelere, daş-töwerekdäki başga milletlere talaň we gülki bolan harabalyklara, terk edilen galalara şeýle diýýändir:
Şol gün sizi masgaralap ýaňsylarlar, siz şeýle agy aýdymyny aýdarsyňyz: „Büs-bütin weýran bolduk! Reb halkymyň mirasyny dagadýar. Ol muny elimden alýar! Ýerimizi haýynlara paýlaýar“».
„Kükürt! Duz! Tutuş ýurt ýanýar! Hiç zat ekilmez, hiç zat gögermez, gaýdyp hiç hili ösümlik ösmez. Reb gazap atyna atlanyp, Sodom, Gomora, Adma we Seboýym galalaryny ýok edişi ýaly ýykyp-ýumurdy!“ diýerler.