Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 24:20 - Mukaddes Kitap

20 Serhoş kimin yraň atar ol, sakçy jaýy kimin çaýkanar, ýazyklary oňa agyr ýük bolar, ýykylar-da, soň galmaz ol.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Серхош кимин ыраң атар ол, сакчы җайы кимин чайканар, языклары оңа агыр йүк болар, йыкылар-да, соң галмаз ол.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 24:20
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Soňky gelen açlyk bolçulygy unutdyrar, çünki ol juda agyr geler.


Olar garaňkyda yşyksyz sermeleşip ýörýärler, olary serhoş kimin entiredýär».


Ýüregim tutaşdy meniň içimde, ot alawlady oý-hyýalymda, ahyrsoňy dilimi ýardym:


Pitneçiler we günäkärler birlikde gyrlarlar, Rebbi terk edýänler-de ýok bolarlar.


Sion gyzy üzümlikdäki çadyr kimin, hyýar atyzyndaky çatma kimin, daşy gabalan şäher kimin bolup galar.


Reb akyly çaşyrýan ruhlary iberdi, serhoşuň öz gusugynyň üstünde yranyşy deý, olar müsürlileri bar işinde azaşdyrdylar.


Ine, Reb ýer ýüzüni weýran edip çolardar, ýeriň ýüzüni tanar ýaly etmez Ol, ilatyny dargadar.


Ruhanydyr pygamberler-de şerapdan ýaňa yraň atýarlar, çakyr zerarly entirekleýärler; şerap içip ýoldan çykýarlar, şerapdan başlary aýlanýar, çakyr zerarly entrekleýärler, nähak görnüşler görýärler, höküm edenlerinde büdreýärler.


Doňup galyň, gatap galyň! özüňizi kör ediň, göreçden galyň, serhoş boluň, ýöne şerapdan däl, entirekläň, ýöne çakyrdan däl.


Öýüm çopanyň çadyry kimin sogrulyp, elimden alyndy. Ömrümi dokmaçy kimin kesdim, Reb meni erişden kesdi; bir günüň içinde soňuma çykdyň.


Ilkinji ataňyz günä etdi, töwellaçylaryňyz garşyma çykdylar.


Olar daşa çykyp, Maňa garşy baş galdyranlaryň jesetlerini görerler. Olaryň jesetlerini iýýän gurt ölmez, olary ýakýan ot sönmez; olar bütin adamzada ýigrenji bolarlar.


«Soňra sen olara Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Içip, serhoş boluň, gusuň we araňyza iberjek gylyjymdan ýykylyň, gaýdyp ýeriňizden galmaň“.


Daglara seretdim, olar titreýärdi, ähli depeler ikiýana yraň atýardy.


Ýurt titräp, lerzana gelýär! Çünki Babyl ýurduny ilatsyz haraba öwürmek baradaky Rebbiň niýeti amala aşýar.


Sen olara Reb şeýle diýýär diý: «Ýykylan ynsan galmazmy gaýdyp? Ýolundan azaşanlar gelmezmi ýola?


Günälerim boýuntyrygyma baglandy, Rebbiň Öz eli bilen işilip, meniň boýnumdan asyldy, Ol güýjümi tüketdi; Taňry meni garşy durup bilmedik duşmanlarymyň eline berdi.


Soňra ol öz ýurdunyň galalaryna tarap öwrüler, ýöne büdräp ýykylar-da, ýitirim bolar.


Samariýanyň günäsinden ant içip: «Eý, Dan! Seniň hudaýyňdan ant içýän, Beýerşebanyň tutýan ýolundan ant içýän!» diýýänler ýykylarlar we hiç haçan ýerlerinden galmazlar.


Rebbiň öňünde daglar titreýär, baýyrlyklar ereýär, ýer sarsýar, dünýä ilaty bilen lerzana gelýär.


Soňra bir güýçli perişde äpet degirmen daşy ýaly daşy galdyryp, ony deňze zyňyp, şeýle diýdi: «Beýik Babyl şäheri, ine, şeýle güýç bilen zyňlar! Ol indi asla tapylmaz!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ