Soňrak Isa ýeke Özi Zeýtun dagynda otyrka, şägirtleri Onuň ýanyna gelip: «Bize aýtsana, bu zatlar haçan bolar? Seniň gelmegiňi we dünýäniň ahyryny görkezýän alamat nähili bolar?» diýip soradylar.
ruben tiresinden Eliýabyň agtyklary Datan bilen Abyrama Rebbiň näme edenini, ýagny ähli ysraýyllaryň arasynda ol ikisini, tutuş hojalygy, çadyrlary we olara degişli ähli janly-jandary bilen bile ýeriň agzyny açyp, nähili ýuwudanyny görmediler.
Emma Rebbiň güni gijeki ogry kimin geler. Şonda asman uly güpürdi bilen ýiter, asman jisimleri ýanyp dargar, ýer we onda edilen ähli işler äşgär bolar.