Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 24:18 - Mukaddes Kitap

18 Gorky sesinden gaçan çukura gapgarylar, çukurdan çykan duzaga düşer, gögüň penjireleri açylar, ýeriň binýatlary titrär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Горкы сесинден гачан чукура гапгарылар, чукурдан чыкан дузага дүшер, гөгүң пенҗирелери ачылар, ериң бинятлары титрәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 24:18
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şol wagt Reb Sodom bilen Gomora galalarynyň üstüne gökden otly kükürt ýagdyryp, bu iki galany daş-töweregi, ähli ilatydyr ösümlikleri bilen bile weýran etdi.


Nuhuň ömrüniň alty ýüzünji ýylynyň ikinji aýynyň on ýedinji güni – hut şol gün düýpsüz çuňlugyň ähli çeşmeleri böwsüldi, asman suw bentleri kimin açyldy.


Onsoň patyşanyň iň ýakyn nökerleriniň biri Hudaýyň adamyna: «Hatda Reb gökden penjireler açaýanda-da, heý, şeýle-de bir zat bolup bilermi?» diýdi. Emma Elýaşa: «Sen muny öz gözüň bilen görersiň, ýöne ondan iýmersiň» diýdi.


Demir ýaragdan gaçyp gutulsalar, bürünç ýaý içlerinden parran geçer.


Agzymyň sözleri, ýüregimiň oý-pikirleri goý, Seniň huzuryňda kabul edilsin, ýa Reb, meniň Gaýam hem Halasgärim.


Gökler gözýetiminden onuň çykyşy, beýleki gözýetimine onuň aýlawy, hiç bir zat gizlin däl onuň howrundan.


Rebbiň kanuny kämildir, ol jany täzeleýär. Rebbiň düzgüni ygtybarlydyr, ol akmagy akyldar edýär.


Ynsan haçan hasrat geljekdigini bilýän däldir. Zalym tora düşen balyklar kimin, duzaga düşen guşlar kimin ynsanlar hem üstüne betbagtlyk duýdansyz inende, tora düşýärler.


Şonuň üçin gökleri titrederin, Rebbiň gahar ody lowlaýan güni, Hökmürowan Rebbiň gazabyndan ýer ýüzi lerzana geler.


Reb ýeri lerzana salmaga galkanda, ynsanlar Onuň howpundan, şan-şöhratyndan, gaýalardaky gowaklara, ýeriň deşiklerine girerler.


Reb ýeri lerzana salmaga galkanda, ynsanlar Onuň şan-şöhratyndan, howpundan gaýalardaky gowaklara, kert gaýalardaky jaýryklara girerler.


Emma bu dagan, talanan halkdyr. Ählisi gowaklarda duzaga düşen, Tussaghanalarda gizlenen; olar olja boldular, halas edýän ýok. Talandylar, «Yzyna gaýtar!» diýýän ýok.


Ol mukaddes öý bolar, emma Ol Ysraýylyň iki patyşalygyna büdreme daşy, ýykýan gaýa, Iýerusalimiň ilatyna duzak we tor bolar.


Eý, Mowabyň ilaty, seniň öňüňde howp, gorp we duzak dur! Muny Reb aýdýandyr.


Howpdan gaçan gorpa ýykylar, gorpdan çykan duzaga düşer, çünki Meniň Mowap halkyny jezalandyrjak günlerim gelýär. Muny Reb aýdýandyr.


Üstümize howp we hile, harabaçylyk we weýrançylyk abandy.


Siz gylyçdan gorkýarsyňyz, emma Men üstüňizden gylyjy salaryn. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Men torumy ýazaryn, ol duzagyma düşer. Ony Babyl ýurduna getirerin, emma ol şol ýerde Babyly görmän öler.


Men olardan ýüzümi öwrerin. Olar bir otdan gaçyp gutulsalar-da, beýleki bir ot barybir olary ýandyrar. Olara garşy çykanymda, siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz.


Dat günüňize, Rebbiň gününi küýseýänler! Näme üçin siz Rebbiň gününe zarsyňyz? Ol gün aýdyňlyk däl-de, garaňkylykdyr.


Ol gün bir kişiniň arslandan gaçyp, aýa duş gelşi kimindir. Öýüne gelip, elini diwara söýände, ony ýylanyň çakyşy kimindir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ