Şonuň üçin hem Reb şeýle diýýär: „Men olaryň başyndan bela indererin, olar gaçyp, gutulyp bilmezler. Olar Maňa dady-perýat ederler, emma Men olary diňlemerin.
Çar tarapdan maňa howp salanlary çagyrdyň, baýramçylyk günündäki kimin olary üýşürdiň. Rebbiň gahary gelen güni hiç kim gaçyp gutulmady, olaryň arasyndan diri galany bolmady, söýüp ulaldan çagalarymy duşmanym heläk etdi.
Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Iýerusalimdäki ynsanlary we haýwanlary ýok etmek üçin üstlerine dört agyr hökümimi: gylyç, açlyk, ýyrtyjy haýwanlar we mergi ýollanymda, olaryň ýagdaýy has çökder bolar.