Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 23:9 - Mukaddes Kitap

9 Bütin şan-şöhratyň gedemligini ýok etmek üçin, dünýäniň ähli abraýly adamlaryny biabraý etmek üçin, Hökmürowan Reb şeýle karar çykardy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Бүтин шан-шөхратың гедемлигини ёк этмек үчин, дүнйәниң әхли абрайлы адамларыны биабрай этмек үчин, Хөкмүрован Реб шейле карар чыкарды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 23:9
29 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şazadalary ile ryswa edýär Ol, güýçlüleri ýaragsyzlandyrýar.


Gurbagalar seniň üstüňe, seniň halkyňyň we ähli emeldarlaryňyň üstüne çykarlar’“».


Ine, Hökmürowan Taňry Reb gudratly güýji bilen keser şahalary, iň beýik agaçlar çapylar, belentlikleri ýere ýazylar.


Men dünýäni ýamanlygy üçin, etmişleri üçin jezalandyraryn erbetleri; tekepbirleriň gedemliginiň soňuna çykaryn, zalymlaryň ulumsylygyny peselderin.


Hökmürowan Reb ant içip, şeýle diýýär: «Nähili niýet eden bolsam, şeýle-de bolar, näme karara gelen bolsam, şol-da amala aşar.


Bütin dünýä hakda edilen karar budur, ähli milletlere tarap uzan el budur.


Hökmürowan Reb karar etdi, kim Oňa päsgel berip biler? Ol elini uzatdy, kim ony yzyna öwrüp biler?


Halkyň gedem bakyşlary peseldiler, ynsan tekepbirligi egler, şol gün diňe Reb beýgeldiler.


Hökmürowan Rebbiň bir güni bar, şol gün ähli tekepbirleri, gedemleri, ähli beýgeldilenleri peselder,


Ynsan men-menligi, hem gedemligi peseldiler, şol gün diňe Reb beýgeldiler.


Eý, Tarşyş gyzy, ýurduňdan Nil kimin geç; indi bökdenç bolmaz.


Halkymyň tikendir çaly biten topragy üçin, şadyýan şäherdäki şatlykdan doly öýler üçin aglaşyň!


Munuň üçin halkym nadanlykdan ýesir edilip äkidiler, at-abraýly adamlary açlykdan öler, köpleri bolsa teşnelikden gyrlar.


Ýaşulular hem at-abraýly adamlar-a başdyr, ýalan zady öwredýän pygamberler bolsa guýrukdyr.


«Reb şeýle diýýär: „Men Ýahudanyň tekepbirligini we Iýerusalimiň aşa gedemligini hut şonuň ýaly edip çüýrederin.


Onsoň şeýle diý: „Ýa Reb, bu ýeri ýok etjekdigiňi, onda ynsan-da, haýwan-da ýaşamajakdygyny, ýurduň ebedilik harabaçylyga öwrüljekdigini Özüň aýtdyň“.


Edom, Men seni halklaryň arasynda iň pesi ederin sen bütinleý ryswa bolarsyň.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, ol gün ojak ýaly ýanyp gelýär. Ähli tekepbirler we hemme erbetlik edýänler saman kimin bolarlar. Ol gün olaryň hemmesini ot ýandyrar. Olarda ne kök, ne-de baldak galar.


Olar Seniň gudratyň we yradaň bilen owaldan karara gelen her bir işiňi hakykata öwürmek üçin ýygnandylar.


Hemme zady Öz islegine laýyklykda ýerine ýetirýän Hudaý Öz niýetine görä bizi öňden belläp, Mesih arkaly saýlap-seçdi. Ol muny biziň, ýagny Isa Mesihe ilkinji bolup iman edenleriň Hudaýyň şan-şöhratyny arşa götermegimiz üçin amal etdi.


Bu Hudaýyň owal-başdan bäri meýilnamasy bolup, ony Rebbimiz Isa Mesih arkaly amala aşyrdy.


Emma Hudaý bize has beýik merhemet berýär. Şoňa görä Mukaddes Ýazgylar şeýle diýýär: «Hudaý tekepbirlere garşydyr, emma pespäl adamlara merhemet edýändir».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ