Çünki ähli piliştlileriň ýok ediljek güni geler. Sura bilen Sidona kömek edip biljek aman galanlaryň ählisi ýok ediler. Reb Kaptoryň kenarynda aman galan piliştlileri derbi-dagyn eder.
Ol gün gaýgy-gamsyz ýaşaýan efioplary gorkuzmak üçin gämiler bilen habarçylar ýollaryn. Müsüriň jebir-jepaly döwründäki ýaly, olara hem howp aralaşar, ine, ol gün ýetip gelýär».