Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 23:17 - Mukaddes Kitap

17 Ýetmiş ýyldan soň, Reb Sury idär. Sur söwdasyna dolanyp, ýer ýüzündäki ähli patyşalyklar bilen zyna eder.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Етмиш йылдан соң, Реб Суры идәр. Сур сөвдасына доланып, ер йүзүндәки әхли патышалыклар билен зына эдер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 23:17
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şol günden başlap, Sur ýetmiş ýyl – bir patyşanyň ömrüçe unudylar. Ýetmiş ýyl soň Suruň başyna bir kemçin hakdaky aýdymda aýdylanlar geler:


Eý, unudylan kemçin, şähere aýlan lira al-da! Lira çal-da, köp aýdymlar aýt, seni ýatlarlar belki-de.


Bu ýurt tutuşlygyna harabaçylyga we gorkunç ýere öwrüler. Bu milletler ýetmiş ýyllap Babyl patyşasyna gulluk ederler.


Çünki Reb şeýle diýýär: „Babyldaky sürgünligiňiziň ýetmiş ýyly dolanda, Men size nazar salaryn. Sizi bu ýere gaýtaryp getirmeklige beren hoş sözümi Men amala aşyraryn.


Her köçäniň başynda seždegäh gurup, owadanlygyňy harladyň, her bir ötegçä özüňi hödürläp, zynagärligiňi artdyrdyň.


Daýaw bedenli goňşularyň müsürliler bilen zynagärlik etdiň we Meniň gaharymy getirmek üçin zynagärligiňi artdyrdyň.


Her köçäniň başynda sen özüňe çadyr gurduň, her bir açyk meýdançada seždegäh saldyň. Sen beýleki lolular ýaly bolmadyň, sebäbi muzdy äsgermediň.


Ine, eden haram gazanjyň we öz içiňde döken ganyň üçin Men elimi elime uraryn.


«Ähli butlary bölek-bölek ediler, haram gazançlarynyň bary oda ýakylar, butlarynyň baryny ýok ederin, çünki bulary loly gazanjy bilen toplady. Olar ýene-de loly gazanjyna öwrüler» diýýär Reb.


Onuň baştutanlary para alyp, höküm çykarýarlar, ruhanylary tölegli sapak berýärler, pygamberleri pul üçin palçylyk edýärler. Şonda-da olar Rebbe daýanyp: «Reb biziň bilendir! Başymyza hiç bela gelmez» diýýärler.


Bularyň bary zynahorlyk edendigiň üçin, jadygöýligiň bilen halklary heläkçilige eltendigiň üçin, jadylyk bilen milletleri gul edendigiň üçin, gözbagçylyk bilen halklary özüňe çekendigiň üçin boldy.


Ýahudanyň aman galanlary ýurdy eýelärler, olar örüde sürülerini otararlar, agşamyna Aşkelon şäherinde ýatarlar, Hudaýy Reb olary ýatlap, öňki abadançylyklaryny gaýtaryp berer.


Ine, Simun bize Hudaýyň ilki bilen keseki milletlere nähili nazar salandygyny we olaryň arasyndan Özüne bir halk saýlap alandygyny düşündirip berdi.


Olaryň azgyn aýallykdan gazanan hakyny aýdylan sadakalaryň tölegi hökmünde Hudaýyňyz Rebbiň öýüne getirmäň. Çünki bularyň ikisi hem Hudaýyňyz Reb üçin nejislikdir.


şeraba höwesjeň däl, zalym däl-de, mylaýym, dawa-jenjelden gaça durýan, pula gyzmaýan adam bolmalydyr.


Şonuň ýaly, ýygnagyň hyzmatçylary hem sylanýan, ikiýüzli däl, şeraba ýykgyn etmeýän, gara nebsine çapmaýan adamlar bolmalydyr.


çopanlaryň öz sürüsine seredişi ýaly, siz hem Hudaýyň özüňize ynananlary barada alada ediň. Muny mejbury däl-de, meýletinlik bilen ediň. Olara betnebislik bilen däl-de, uly höwes bilen gözegçilik ediň.


Çünki Onuň hökümleri dogry, adyldyr: zynasy bilen dünýäni azdyran uly lolyny Ol höküm etdi, gullaryny öldüren loludan olaryň aryny aldy».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ