Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 23:13 - Mukaddes Kitap

13 Babyllylaryň ýurduna sered-ä, bu halk indi ýok! Wagşy haýwanlaryň eline berdi aşurlylar ony. Olar gabaw diňlerini dikdiler, galalaryny ýykyp, haraba öwürdiler ony.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Бабыллыларың юрдуна серед-ә, бу халк инди ёк! Вагшы хайванларың элине берди ашурлылар оны. Олар габав диңлерини дикдилер, галаларыны йыкып, хараба өвүрдилер оны.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 23:13
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Haran öz dogduk mekanynda, babyllylaryň Ur galasynda kakasy Tera dirikä aradan çykdy.


Tera ogly Ybramy, agtygy Haranyň ogly Luty, gelni bolan Ybramyň aýaly Seraýy öz ýanyna alyp, Kengan topragyna gitmek üçin babyllylaryň Ur galasyndan çykyp gaýtdy. Olar Harana gelip, şol ýerde mesgen tutdular.


Şoňa görä-de, şol gala Babyl diýip at dakyldy, çünki Reb şol ýerde ähli ynsanlaryň dilini garjaşdyryp, olary bütin ýer ýüzüne dargadypdy.


Üçünji derýanyň ady Tigrdir. Ol Aşuryň gündogaryndan akyp geçýär. Dördünji bolsa Ýewfrat derýasydyr.


Aşur patyşasy Babyldan, Kutdan, Awadan, Hamatdan we Separwaýymdan adamlary getirip, olary ysraýyllaryň ýerine Samariýanyň galalarynda ýerleşdirdi. Olar Samariýany eýeläp, onuň galalarynda mesgen tutdular.


Şol wagt Baladanyň ogly Babyl patyşasy Merodakbaladan Hizkiýa patyşanyň syrkawlandygyny eşidip, oňa wekillerinden hatlar bilen peşgeş ýollady.


Şonuň üçin hem, Reb Aşur patyşasynyň goşun serkerdelerini olaryň üstüne getirdi. Serkerdeler Manaşany gandallap, zynjyr bilen baglap, Babyla ýesir edip alyp gitdiler.


Ol sözüni soňlamanka, üçünji bir çapar gelip: «Babyllylar üç topar bolup düýeleriň üstüne çozdular-da, olary sürüp äkitdiler, hyzmatkärleriň-de baryny gylyçdan geçirdiler. Saňa şu habary ýetirmek üçin diňe men gaçyp gutuldym» diýdi.


Olaryň agyzlary göklere hüjüm eýleýär, dilleri bolsa ýerde boş zatlary ýaňraýar.


Dat günüňe, Aşur! Ol gaharymyň hasasydyr! Elindäki taýagydyr gazabym!


Emma Aşur patyşasy beýle niýet edenok, beýle pikir etmeýär ol; ýüreginde köp milletleri gyrmak, köki-damary bilen ýok etmek küýündedir onuň.


Hudaý patyşalyklaryň iň gözeli bolan, babyllylaryň buýsanjy bolan şöhratly Babyly ýer bilen ýegsan eder Sodom hem Gomora ýaly.


Wagşy haýwanlar ýatar ol ýerde, baýguşdan dolar öýleri, düýeguşlar mesgen tutar, geçiler bökjeklärler ol ýerde.


Hemmesi daglardaky ýyrtyjy guşlara, ýerdäki wagşy haýwanlara galdyrylar. Olar tomsuna ýyrtyjy guşlara, gyşyna wagşy haýwanlara şam bolarlar.


Penakäriňiz, Ysraýylyň Mukaddesi Reb şeýle diýýär: «Siziň hatyraňyza Babyla leşger ýollap, ähli babyllylary gaçgaklar hökmünde buýsanýan gämilerinde getirerin.


Babyllylary, ähli kesetleri, pekotlary, şowalary, kowalary we olar bilen birlikde tutuş aşurlary görmegeý ýaş ýigitleri, häkimleriň we emeldarlaryň baryny, serkerdeleri we ýolbaşçylary, at münýänleri saňa garşy goýaryn.


Eý, ynsan ogly! Babyl patyşasy Nebukadnesar öz goşunyna Sura garşy agyr zähmet çekdirdi: her bir esgeriň saçy döküldi, her bir egniň hamy soýuldy; emma çeken zähmetine görä, ne onuň özüne, ne-de goşunyna Surdan muzd tölendi.


Nebukadnesaryň garşysyna çykarylan bu höküm şol wagtyň özünde amala aşdy. Ol ynsanlar arasyndan kowuldy, öküzler ýaly ot iýdi, onuň endamy gögüň çygy bilen ýuwuldy. Saçy bürgüdiň ýelegi ýaly, dyrnaklary guşlaryň penjesi ýaly ösdi.


Özgeleriň ýurtlaryny eýelejek bolup, dünýäniň çar tarapyna ýöriş edýän rehimsiz we zalym babyl milletini size garşy öjükdirerin.


Şeýlelikde, Ybraýym babyllylaryň ýurduny terk edip, Haranda ornaşdy. Kakasy aradan çykandan soň, Hudaý ony Harandan çykaryp, siziň häzirki oturan ýurduňyza göçürdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ