Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 23:11 - Mukaddes Kitap

11 Reb deňiz üstüne elini uzadyp, patyşalyklary titretdi; ýok etmegi buýurdy ol Kengan galalaryny.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Реб деңиз үстүне элини узадып, патышалыклары титретди; ёк этмеги буюрды ол Кенган галаларыны.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 23:11
30 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

«Kengana nälet siňsin, ol doganlarynyň elinde, gullaryň guly bolsun.


Hudaý halkyň şadyýan sesleri bilen, Reb surnaýlaryň sesleri bilen ýokary çykýar.


Goý, daglar halka abadanlyk habaryny getirsin, depeler adalaty, goý, yglan etsin.


Soňra Musa elindäki hasasyny deňze ýetirdi. Reb bolsa şol bütin gije güýçli gündogar ýeli bilen deňziň suwuny kowdy. Deňiz gury ýere öwrülip, suw ikä bölündi.


Ony hudaýsyz milletiň garşysyna, gazaplanan halkymyň garşysyna iberýärin, oňa talamagy, talanyny olja almagy, olary köçeleriň palçygy kimin aýak astyna almagy buýurdym.


Şonuň üçin gökleri titrederin, Rebbiň gahar ody lowlaýan güni, Hökmürowan Rebbiň gazabyndan ýer ýüzi lerzana geler.


Bütin dünýä hakda edilen karar budur, ähli milletlere tarap uzan el budur.


Reb ýeri lerzana salmaga galkanda, ynsanlar Onuň howpundan, şan-şöhratyndan, gaýalardaky gowaklara, ýeriň deşiklerine girerler.


Eý, Tarşyş gyzy, ýurduňdan Nil kimin geç; indi bökdenç bolmaz.


Bol suwlar ýakasynda Şihoryň gallasy, Niliň hasyly girdejiňdi. Milletleriň täjiridi ol.


Sen şäheri daş üýşmegine, diwarly şäheri harabalyga öwürdiň; kesekileriň köşkleri bolan şäherleri ýok etdiň, olar bina edilmez asla.


Munuň üçin Rebbiň gazaby Öz halkyna garşy lowlaýar, elini olara garşy uzadyp, jeza berýär; daglar titreşýär, maslyklary zibil kimin köçelerde ýatyr, Şonda-da Onuň gazaby köşeşmändi, eli entek hem jeza bermäge taýyn.


Näme üçin gelenimde, hiç kim ýokdy? Näme üçin çagyranymda, hiç kim jogap bermedi? Sizi azat etmäge gysgamy golum? Ýa sizi halas etmäge Mende güýç ýokmy? Öz käýinjim bilen deňzi guradýaryn, derýalary çöle öwürýärin; balyklar suwsuzlykdan porsaýarlar, teşnelikden ölýärler.


Reb oňa tabşyryk berensoň, ol nädip köşeşsin? Ol ony ol ýere – Aşkelona, deňiz kenaryna garşy ýollady“».


Atlarynyň köplüginden ýaňa seni tozan gapar; diwarlary ýumrulan bir gala girilişi ýaly, seniň derwezeleriňden girende atlylaryň, tigirleriň we söweş arabalarynyň sesinden ýaňa diwarlaryň sarsar.


Olar Suruň diwarlaryny weýran ederler, onuň diňlerini ýykarlar. Men onuň topragyny syryp-süpürip, ýalaňaç gaýa öwrerin.


Ony gabra inýänler bilen birlikde ölüler dünýäsine inderenimde, ýykylyşynyň gürpüldisinden milletleri titretdim; onsoň Erem bagynyň ähli agaçlary, Liwanyň iň owadan we iň saýlama agaçlary, bol suw içip ösenleriň bary ýeriň teýinde teselli tapdylar.


Reb siz barada şeýle buýruk berýär: «Adyňyzy dowam etdirer ýaly, sizden zürýat önmez. Hudaýlaryňyzyň buthanasyndaky oýma, guýma butlary ýok ederin. Siziň gabryňyzy taýynlaryn, çünki siz ýigrenjisiňiz».


Men ähli milletleri-de sarsdyraryn, şonda ähli milletleriň hazynalary şu ýere geler we Men bu öýi şan-şöhratdan dolduraryn. Muny diýýän Men – Hökmürowan Rebdir.


Iýerusalimdäki hem-de Ýahudadaky her bir gazan Hökmürowan Rebbe bagyş ediler. Gurbanlyk bermäge gelenler olary gurbanlyk etini bişirmek üçin ulanarlar. Şol günden beýläk Hökmürowan Rebbiň ybadathanasynda ýekeje-de söwdagär bolmaz.


Isa olara öwretmek bilen: «„Meniň öýüm ähli milletler üçin ybadat öýi diýlip atlandyrylar“ diýip ýazylgy dälmi näme? Emma siz muny garakçylaryň sürenine öwrüpsiňiz» diýdi.


Ol kepderi satýanlara: «Bulary bu ýerden ýok ediň! Atamyň öýüni bazara öwürmäň!» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ