Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 22:5 - Mukaddes Kitap

5 Görnüş jülgesinde Gudratygüýçli–Hökmürowan Rebbiň howsalaly, tabyn edýän, aljyraňňy güni bolar. Diwarlar ýykylar bu gün, daglara perýat ediler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Гөрнүш җүлгесинде Гудратыгүйчли-Хөкмүрован Реббиң ховсалалы, табын эдйән, алҗыраңңы гүни болар. Диварлар йыкылар бу гүн, даглара перят эдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 22:5
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar Işaýa pygambere şeýle diýdiler: «Hizkiýa patyşa şeýle diýýär: „Şu gün biz hasrat, jeza we ryswalyk astyndadyrys; biziň ýagdaýymyz dünýä injek bolup duran balasyny dogurmaga mejaly galmadyk aýalyňky ýalydyr.


Babyllylaryň janpenalaryň baştutany bilen gelen bütin goşuny Iýerusalimiň daş-töweregindäki diwarlaryny ýykdy.


Çaparlar patyşanyň buýrugy bilen gyssagly ýola düşdüler. Perman Suza galasynda çykaryldy. Patyşa bilen Haman içmäge oturdylar. Suzada welin aljyraňňylykdy.


Ony hudaýsyz milletiň garşysyna, gazaplanan halkymyň garşysyna iberýärin, oňa talamagy, talanyny olja almagy, olary köçeleriň palçygy kimin aýak astyna almagy buýurdym.


Görnüş jülgesi barada pygamberlik: Baryňyz üçeklere çykar ýaly, size näme boldy?


Rebbiň eli bu dagda bolar, dersli çukurda samanyň depelenişi kimin mowaplylar-da öz ýerlerinde basgylanar.


Olar Işaýa pygambere şeýle diýdiler: «Hizkiýa patyşa şeýle diýýär: „Şu gün biz hasrat, jeza we ryswalyk astyndadyrys; biziň ýagdaýymyz kuwwaty bolmadyk göwreli aýalyň çaga dogurýan bolşy ýalydyr.


Indi Men size üzümçiligime näme etjekdigimi aýdaryn. Men onuň haýadyny aýraryn, ol weýran ediler; onuň diwaryny ýykaryn, ony basgylap zaýalarlar.


«Üzümi ýeke sykdym, ýanymda halklardan hiç kim ýokdy; gaharlykam sykdym üzümi, gazaplykam aýak astyna aldym; onuň gany eşiklerime syçrady, bar lybasymy hapalady.


Gaharyma halklary aýak astyna aldym, gazabyma olary serhoş etdim, ganlaryny ýere dökdüm».


Wah, bu nähili gorkunç gün, onuň ýaly gün başga ýokdur. Bu Ýakup üçin aladaly döwürdir, emma ol ondan ýene-de gutular».


Ýagylary hökümdar bolýar, duşmanlary rowaçlanýar. Ýazygynyň agyrdygy üçin Reb bu hasraty çekdirdi Siona. Duşmanynyň öňüne salnyp, çagalary sürgün edildi onuň.


Taňry Ýakubyň ähli mekanyny weýran etdi hiç rehimdarlyk etmedi. Ýahuda gyzynyň galalaryny ýykdy gahar-gazaby ýatmady. Patyşalygyny hem hökümdarlaryny masgaralap, ýer bilen ýegsan etdi.


Reb Sion gyzynyň diwaryny weýran etmegi ýüregine düwdi. Ölçeg ýüpüni gerip, ýykmakdan el çekmedi. Daşky, içki diwar doldy ýas bile, ikisi-de ýegsan boldy ýer bile.


Nobat size ýetdi, eý, ýurduň ilaty! Wagt geldi, ol gün ýakynlaşdy. Daglarda şowhunly baýramçylyk deregine howsala güni geldi.


Ysraýylyň günäsi bolan Awendäki seždegähler ýok ediler. Olaryň gurbanlyk sypalarynda ýandak hem gyzgan biter. Olar daglara: «Bizi örtüň!», baýyrlara: «Biziň depämize iniň!» diýerler.


Iň gowusy tiken kimindir, iň dogruçyly tikenli germewden beterdir. Gözegçileriniň duýduryşy deý, olaryň jeza güni gelip ýetdi. Indi howsala düşýär olar.


Şol gün – gazap güni, betbagtçylyk, muşakgat güni, weýrançylyk we harabalyk güni, garaňkylyk we gam-gussa güni, bulutly we tüm garaňkylyk güni bolar.


Şonda daglara: „Biziň depämize iniň!“, depelere: „Bizi örtüň!“ diýerler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ