Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 22:4 - Mukaddes Kitap

4 Munuň üçin men: «Nazaryňy menden sow, zar-zar aglaýyn» diýdim. Eziz halkymyň weýrançylygy üçin teselli bermäň maňa.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Мунуң үчин мен: «Назарыңы менден сов, зар-зар аглайын» дийдим. Эзиз халкымың вейранчылыгы үчин теселли бермәң маңа.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 22:4
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Mordekaý bolup geçen ähli zatlar hakynda eşidende, ýakasyny ýyrtyp, jul geýnip, başyndan kül sowurdy we şäheriň ortasyna çykyp, dady-perýat etdi.


Men size tymsal aýdyp bereýin, gadymyýetiň syrlaryny beýan edeýin.


Köçelerinde jul geýinýärler, üçeklerde, meýdançalarda her kes perýat edýär, zar-zar aglaşýar.


Ine, batyrlary köçelerde perýat edýärler, zar-zar aglaşýarlar parahatçylyk ilçileri.


Emma siz muňa gulak asmasaňyz, tekepbirligiňiz üçin gizlinlikde aglaryn; Rebbiň sürüsiniň ýesir edilendigi üçin, gözlerimiň ýaşy dökülip, sil bolup akar.


Reb şeýle diýýär: «Ramadan bir ses eşidildi, agy we ajy perýat sesleri, Rahel çagalary üçin aglaýar, teselli berilmegini islemeýär, çünki indi olar ýok».


Wah janym, wah janym! Agyryma çydamok! Wah, kalbymyň aýnasy! Ýüregim hasrat çekýär, ümsüm bolup bilemok, çünki sen, eý, janym, eşitdiň surnaý sesin, söweş nagrasyn.


Eý, Meniň eziz halkym! Jul geýnip, kül üstünde otur. Ýalňyz çagaň üçin ýas tutýan dek ajy gözýaş dök, çünki üstümize duýdansyz heläkleýji geler».


Derdime şypa ýokdur, ýüregim ýaralydyr meniň.


Wah, käşge başym bir bulak, gözlerim gözýaş çeşmesi bolsady! Biçäre halkymyň öldürilenleri üçin aglasadym men gije-gündiz!


Derrew gelip, biziň üçin agy aýtsynlar. Goý, gözlerimiziň ýaşy kepemesin, gabaklarymyzdan sil bolup aksyn».


Gözlerim ýaş dökmekden küteldi, içim ýanýar. Eziz halkymyň weýrançylygy zerarly gara bagrym gan bolýar, çünki şäheriň köçelerinde çagalardyr bäbekler mejalsyz ýykylýar.


Gylyç ulanmak üçin çarhlanmaga berildi; gylyç ganhoryň eline berilsin diýip ýiteldildi, çarhlandy.


Seniň üçin saçlaryny syryp, jul geýnerler, janhowluna hasrat bilen zar-zar aglap, dady-perýat ederler.


Munuň üçin men aglap, dady-perýat ederin. Eşiksiz we aýakýalaňaç gezerin. Şagallar kimin uwlaryn. Düýeguşlar kimin gözýaş dökerin.


«Ramadan bir ses eşidildi, agy we ajy perýat sesleri, Rahel çagalary üçin aglaýar, teselli berilmegini islemeýär, çünki olar indi ýok».


Petrus Isanyň: «Horaz gygyrmazdan öň, sen Meni üç gezek inkär edersiň» diýen sözüni ýatlady we daşary çykyp, möňňürip aglady.


Şol wakalary bize ilkibaşdan gözleri bilen gören şaýatlar we Hudaýyň Hoş Habarynyň hyzmatçylary ýetirdi.


Isa Iýerusalime golaýlanda, ony görüp aglady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ