Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 22:2 - Mukaddes Kitap

2 Eý, şowhun-şagalaňly, goh-galmagally, şadyýan şäher! Öldürilenleriň gylyçdan ölmedi, söweşde-de ölmedi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Эй, шовхун-шагалаңлы, гох-галмагаллы, шадыян шәхер! Өлдүриленлериң гылычдан өлмеди, сөвешде-де өлмеди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 22:2
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýesirleriň arasynda dyza çökmekden, Jesetlere büdräp ýykylmakdan gaýry çäräňiz bolmaz siziň. Barybir sönmändi Rebbiň gazaby, jeza bermäge taýyndyr henizem Onuň eli.


Asly owaldan bäri bolan, uzak ülkeleri ýurt edinen şagalaňly şäheriňiz şumy?


Halkymyň tikendir çaly biten topragy üçin, şadyýan şäherdäki şatlykdan doly öýler üçin aglaşyň!


Köşk terk ediler, şowhunly şäher boş galar; galadyr gözegçi diňi harabalyga, gulanlaryň giň ýerine, sürüleriň örüsine öwrüler.


Reb Aşur patyşasy barada şeýle diýýär: «Ol bu şähere girmez, ok atmaz, bu şäheriň garşysyna galkanly çykmaz we şäheriň diwaryna ýaplap ýapgydy dikmez.


Rebbiň perişdesi gidip, aşurlylaryň düşelgesinde ýüz segsen bäş müň adamy öldürdi. Ertesi daňdan turup görseler, ol ýeri jesetden doly eken!


Meýdana çyksam, gylyçdan geçirilenleri görýärin! Şähere girsem, açlykdan heläk bolanlary görýärin! Pygamber-de, ruhany-da hiç zada düşünmän, ýurtda enteşip ýörler“».


«Reb şeýle diýýär: „Bu şäherde galan adam gylyçdan, açlykdan we mergiden öler, emma babyllylaryň tarapyna geçen adam diri galar, öz janyny gutaryp aman galar“.


Dördünji aýyň dokuzyna şäherde açlyk güýjäp, ýurduň ilaty iýmäge çörek tapmady.


Wah, öň adamdan doly şäher, indi ýalňyz boşap galdy! Milletler arasynda beýik bolan indi dul hatyna meňzäp galdy! Öň welaýatlaryň melikesi bolan, indi gyrnaga öwrüldi!


Seret, ýa Reb, halkyňyň halyna bak! Kimi beýle güne salanyňy gör! Aýallar öz dogran eziz çagalaryny iýsinlermi? Ruhany we pygamber mukaddes öýüňde öldürilsinmi?


Eý, ady nejis we içi gowgadan doly şäher, ýakyndakylar-da, uzakdakylar-da seni masgaralarlar.


Ine, bu zowky-sapada, howpsuzlykda ýaşap: «Ýeke men, menden başga hiç kim ýok» diýen şäherdir. Gör, ol nähili haraba bolup, wagşy haýwanlaryň sürenine öwrüldi. Gapdalyndan geçýän her kes ony masgaralap, ellerini salgaýarlar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ