Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 22:12 - Mukaddes Kitap

12 Şol gün Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb ýas baglamaga çagyrdy sizi, saçlaryňyzy ütüp, jul geýinmäge çagyrdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Шол гүн Гудратыгүйчли-Хөкмүрован Реб яс багламага чагырды сизи, сачларыңызы үтүп, җул гейинмәге чагырды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 22:12
31 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýermeýa Ýoşyýa üçin agy aýdymyny düzdi. Erkekdir aýal aýdymçylar öz agy aýdymlarynda şu güne çenli hem Ýoşyýa barada gürrüň edip, olary Ysraýylda adata öwürdiler. Olar agy kitabynda ýazylandyr.


Muny eşidenimde, men eşiklerimi we donumy ýyrtyp, saç-sakgalymy ýolup, gaýgy-gama batyp oturdym.


Sen ata-babalarymyzyň Müsürde başyndan inen külpetlerini gördüň; Gyzyl deňziň kenaryndaky perýatlaryny eşitdiň.


Eýýup ýerinden galyp, ýakasyny ýyrtdy, saçyny syryp, ýüzüni ýere berip sežde etdi.


Hudaý ähli zady öz wagtynda gözel etdi. Şeýle hem ebediligi ynsanyň ýüregine saldy, ýöne şonda-da olar Hudaýyň owaldan ahyra çenli eden işini aňlap bilmezler.


Aglamagyň öz wagty bar, gülmegiň öz wagty; ýas tutmagyň öz wagty bar, tans etmegiň öz wagty.


Dibon halky aglamak üçin ybadathana, seždegählere çykýar; Mowap halky Nebo, Meýdeba üçin perýat edýär. Her kesiň başy takyrlanýar, her kesiň sakgaly syrylýar.


Pisler merhemet gazansalar-da, dogrulygy öwrenmezler, adalatsyzlyk ederler, dogrularyň ýurdunda. Rebbiň şan-şöhratyny görmezler.


Dawudyň mesgen tutan şäheri Ariýeliň dat gününe! Ýylyň ýylyna baýramlaryňyz dowam edibersin.


Erkekleriň gylyçdan gyrlarlar, edermen urşujylaryň söweşde ölerler.


Eý, özlerine daýanýan aýallar titreşiň, eý, özlerine buýsanýan aýallar sandyraşyň, eşikleriňizi çykaryp atyp, biliňize jul baglaň!


Hizkiýa patyşa Rabşakanyň sözlerini eşiden-de, ýakasyny ýyrtyp, jul geýnip, Rebbiň öýüne gitdi.


Patyşa köşgi dolandyryjy Elýakymy, Şebna mürzäni we ýaşuly ruhanylary Amozyň ogly Işaýa pygamberiň ýanyna iberdi. Hemmesi jul geýdiler.


Olar: «Biz agyz bekledik, näme üçin görmeýärsiň? Özümizi kiçeltdik, näme üçin üns bermeýärsiň?» diýýärler. Ine, siz agyz beklän günüňiz öz isläniňizi edýärsiňiz, işçileriňizi agyr işledýärsiňiz.


Bu ýurtda uludan-kiçä hemmeler öler. Olary jaýlamazlar, hiç kim olar üçin ýas tutmaz, öz bedenini ýaralamaz ýa-da saçyny syrmaz.


Meýlis edilýän öýe girme, olar bilen oturma, iýip-içme“.


Munuň üçin jul geýniň, zarynlap aglaň. Çünki Rebbiň gahar-gazaby bizden sowulmady».


Eý, ýahuda halky, saçyňy syr-da, ýalaňaç gaýalarda agy aýt. Çünki Reb gazabyny üstüne döken bu neslini terk edip, ony taşlady.


Seniň üçin saçlaryny syryp, jul geýnerler, janhowluna hasrat bilen zar-zar aglap, dady-perýat ederler.


Belşasar şalyk tagtyna çykandan soň, töreleriniň müňüsi üçin uly meýlis gurady we olar bilen bile şerap içdi.


«Eý, Ysraýyl, şatlanma, beýleki halklar ýaly joşma. Çünki sen zyna edip, Hudaýyňdan uzaklaşdyň. Hemme harman ýerlerinde sen zynanyň muzduna göwün berdiň.


Eý, ruhanylar, jul guşanyň, ýas tutuň! Eý, gurbanlyk sypasynda hyzmat edýänler, dat-perýat ediň! Eý, Hudaýymyň hyzmatkärleri, gijäňizi jul içinde geçiriň! Çünki galla, içgi sadakalary kesilendir Hudaýyňyzyň öýünden.


Söýgüli adaglysyny ýitirip, jul geýnen gyz kimin ah çekip, nala!


Reb heniz şuny aýdýandyr: «Agyz bekläp, aglap, ýas tutup, tutuş ýüregiňiz bilen Maňa öwrüliň.


Girelge bilen gurbanlyk sypasynyň arasynda Rebbe hyzmat edýän ruhanylar aglasyn. Diýsinler: «Öz halkyňa rehim eýle, Reb, halklara gülki bolmazlyk üçin, Sen etme masgara saýlan halkyňy. „Olaryň Hudaýy nirede?“ diýlip, milletler arasynda aýdylmagy gerekmi?»


Men siziň baýramyňyzy ýasa, aýdymlaryňyzy ahy-nala öwrerin. Her bile jul guşagyny guşadaryn, her başyň saçyny syrdyraryn. Şol güni ýalňyz ogluň ýas güni kimin ederin, onuň soňuny ajylyk bilen gutararyn».


Bu habar Ninewe patyşasyna ýetende, ol tagtyndan düşüp, şa lybasyny çykardy we jul geýnip, kül üstünde oturdy.


Söýgüli ogullaryňyza ýas tutmak üçin saçyňyzy syryň. Başyňyz çaýkeliňki kimin kel bolsun, çünki çagalaryňyz sürgün ediler.


Gulak asyň, eý, baýlar, başyňyza injek betbagtçylyklar üçin perýat edip aglaň!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ