Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 21:9 - Mukaddes Kitap

9 Jübüt-jübüt atlylar gelýär, ine, öz söweş arabalaryny tirkäp. „Ýykyldy, Babyl ýykyldy; onuň but-hudaýlary ýere ýazyldy, owradyldy“» diýip jogap berdi ol.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Җүбүт-җүбүт атлылар гелйәр, ине, өз сөвеш арабаларыны тиркәп. „Йыкылды, Бабыл йыкылды; онуң бут-худайлары ере язылды, оврадылды“» дийип җогап берди ол.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 21:9
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaý patyşalyklaryň iň gözeli bolan, babyllylaryň buýsanjy bolan şöhratly Babyly ýer bilen ýegsan eder Sodom hem Gomora ýaly.


Babyl patyşasyna şu tymsaly aýdarsyňyz: «Ine, zulumkeşiň soňy geldi! Onuň tekepbirligi tamam boldy!


Ol söweş arabalaryny, jübüt-jübüt atlylary, eşeklileri, düýelileri görende, dykgat bersin, üns bersin».


«Eý, Babyl gyzy, ümsüm otur, tümlüge git! Saňa „patyşalyklaryň melikesi“ diýilmez indi.


Bularyň ikisi-de bir günde, duýdansyz başyňa geler: perzentleriňden aýrylarsyň, dul galarsyň. Gözbagçylar köpem bolsa, jadygöýleriň bolam bolsa, bularyň bary başyňa geler.


Hemmäňiz toplanyň, diňläň! Butlaryň haýsysy bulary öňden aýan etdi? Reb birini saýlap-seçer, ol Rebbiň Babyla garşy maksadyny amala aşyrar, onuň goly babyllylara garşy bolar.


Ok atýanlary, kemançylaryň baryny Babylyň garşysyna çagyryň! Onuň töwerek-daşynda düşelge guruň, hiç kim ol ýerden gaçyp gutulmasyn. Eden işine görä onuň almytyny beriň, ähli edenlerini onuň özüne ediň. Ol Rebbe, Ysraýyl Mukaddesine garşy küpürlik etdi.


Babyl butlar ýurdudyr, gorkunç butlar olary dälireder. Goý, onuň suwlary gurasyn, olar takyrap galsyn!


Olar ýaýdyr naýza bilen ýaraglanan, özleri hem rehimsiz hem zalymdyrlar. Olar atlara atlanan, sesleri deňiz ýaly güwleýär. Olar bir adam ýaly söweşe taýýar bolup, seniň garşyňa nyzama durdular, eý, Babyl gyzy!


Demirgazyk ýurdundan beýik milletler toplumyny Men Babylyň garşysyna örüzerin, olar oňa garşy nyzama durarlar, şol ýerde ony ele salarlar. Oklary mergen ýigidiň oky kimin bolar, hiç biri boş geçmez.


Ýurtda baýdak dikiň, milletler arasynda surnaý çalyň, milletleri Babyl bilen uruşmaga taýýarlaň. Ararat, Minni we Aşkenaz patyşalyklaryny Babylyň garşysyna çagyryň, onuň garşysyna serkerde belläň, üstüne çekirtge sürüsi kimin atlar ýollaň.


Babyl hudaýy Beli jezalandyraryn, ýuwudanyny gusduraryn, milletler gaýdyp oňa tarap eňmezler, Babylyň diwary ýykylar.


Munuň üçin Meniň Babylyň butlaryny jezalandyrjak günlerim geler. Onuň tutuş ýurdy utanja galar, jesetleri ýurduň ortasynda ýere serler.


«Onuň butlaryny jezalandyrjak günlerim geler, onuň bütin ýurdunda ýaralylar iňlär. Muny Reb aýdýandyr.


Soňra şeýle diý: „Babyl-da şeýdip suwa batar, onuň başyndan inderjek betbagtlygymdan ýaňa, indi ol hiç haçan galyp bilmez“». Ýermeýanyň sözleri şu ýerde gutarýar.


Babyl duýdansyz ýykylyp kül boldy, onuň üçin perýat ediň! Ýarasyna melhem çalyň, belki-de, şypa tapar.


Onuň yzyndan uçup gelýän ikinji perişde şeýle diýýärdi: «Ýykyldy! Beýik Babyl ýykyldy! Öz azgyn hyjuwlarynyň şerabyny ähli milletlere içirdi».


Perişde batly gygyryp, şeýle diýdi: «Ýykyldy! Beýik Babyl ýykyldy! Ol jynlaryň mesgenine öwrüldi, ähli arwahlaryň sürenine öwrüldi, dürli haram we nejis guşlaryň penasyna öwrüldi.


Soňra bir güýçli perişde äpet degirmen daşy ýaly daşy galdyryp, ony deňze zyňyp, şeýle diýdi: «Beýik Babyl şäheri, ine, şeýle güýç bilen zyňlar! Ol indi asla tapylmaz!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ