Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 21:4 - Mukaddes Kitap

4 Ýüregim bikarardyr, saňňyldaýan gorkudan ýaňa; küýsän alagaraňkylygym wehime salgar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Йүрегим бикарардыр, саңңылдаян горкудан яңа; күйсән алагараңкылыгым вехиме салгар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 21:4
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň Adonyýanyň ýanyndaky çagyrylanlaryň bary gorkuşyp, ýerlerinden turup, hersi öz ýoluna gitdi.


Haman gürrüňiniň üstüni ýetirip şeýle diýdi: «Hatda şa aýaly Ester hem öz guran meýlisine patyşa bilen birlikde menden başga hiç kimi çagyrmady. Men ertir hem patyşa bilen birlikde onuň meýlisine çagyryldym.


Hudaýy Onuň wadasy üçin şöhratlandyrýaryn, Oňa bil baglap, gorkmaýaryn men; ynsan maňa näme edip bilsin?


Olar uzakly gün ýoýýar meniň sözlermi, maňa zyýan etmäge gönükdirilen bar niýetleri.


Wah janym, wah janym! Agyryma çydamok! Wah, kalbymyň aýnasy! Ýüregim hasrat çekýär, ümsüm bolup bilemok, çünki sen, eý, janym, eşitdiň surnaý sesin, söweş nagrasyn.


Işdäleri açylan wagty bolsa, Men olara meýlis guraryn. Şatlanyp, ebedi uka gitsinler, hiç wagt oýanmasynlar diýip, olary serhoş ederin. Muny Reb aýdýandyr.


Men onuň ýolbaşçylaryny, akyldarlaryny, häkimlerini, serkerdelerini, urşujylaryny serhoş ederin. Olar ebedi uka gidip oýanmazlar. Muny ady Hökmürowan Reb bolan Patyşa aýdýar.


Belşasar şalyk tagtyna çykandan soň, töreleriniň müňüsi üçin uly meýlis gurady we olar bilen bile şerap içdi.


Babyl patyşasy Belşasar şol gije öldürildi.


Şol pursatda bir ynsan eliniň barmaklary peýda bolup, çyradanyň gapdalyndaky şa köşgüniň diwarynyň ýüzüne bir zatlar ýazmaga başlady. Patyşanyň ýazýan ele gözi düşdi.


Duşmanlar tikenler deý biri-birlerine çyrmaşyp, arakhorlar kimin serhoşdyrlar; gury saman deýin ýakylyp taşlanarlar.


Ýüregiňizi gaplajak gorky we gözüňiziň görjek zatlary sebäpli, ertirlerine siz: „Wah, tizräk agşam düşsedi!“ diýersiňiz, agşamyna bolsa: „Wah, tizräk daň atsady!“ diýersiňiz.


Çagalarynyň üstüne ganat gerýän bürgüt deý, höwürtgesinden olara uçmagy öwretdi. Ganatyny gerip, olary tutdy, ganaty bilen olary daşady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ