Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 21:12 - Mukaddes Kitap

12 «Daň atyp barýar, ýöne entek gije. Ýene sorajak bolsaňyz soraň, soňra öwrülip geliň» diýýär gözegçi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 «Даң атып баряр, йөне энтек гиҗе. Ене сораҗак болсаңыз сораң, соңра өврүлип гелиң» диййәр гөзегчи.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 21:12
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Agşamara, ine, howp! Säherden öň ol ýok bolýar. Bizi tozdurýanlaryň paýy, bizi talaýanlaryň kysmaty şudur.


Duma baradaky pygamberlik: Segirden çagyrýar biri meni: «Eý, gözegçi, daň atara näçe wagt bar? Näçe wagt bar daňyň ýagtylmagyna?»


Arabystan hakyndaky pygamberlik: Eý, dedanlylaryň kerwenleri! Gijäni Arabystan jeňňelinde geçirersiňiz.


Pisler öz ýollaryndan, erbetler öz pikirlerinden dänip, Rebbe dolanyp barsynlar, Reb olara rehim eder; Hudaýymyza dolansynlar, Ol gaty geçirimlidir.


Öküzleriniň ählisini öldüriň, olar soýulmaga äkidilsin. Waý olaryň halyna! Çünki olaryň güni doldy, jeza pursady geldi.


Olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Öz barlygymdan ant içýärin. Men erbet adamyň ölüminden däl-de, onuň erbet ýolundan dönüp, diri galmagyndan hoşal bolýaryn. Dönüň! Erbet ýollaryňyzdan dönüň! Eýsem, sen näme üçin öljek, eý, ysraýyl halky?“.


Ine, ol gün! Ine, ol gün ýetip gelýär! Nobatyňyz ýetdi, taýak gunçalady, tekepbirlik gülledi.


Wagt geldi, ol gün golaýlaşdy; müşderi şatlanmasyn, satyjy ýas tutmasyn, çünki gazap ähli jemagatyň üstünden inýär.


Abadýa gelen aýanlyk: Hökmürowan Reb Edom barada şeýle diýdi: «Milletlere wekiliň iberilendigine habar geldi. Rebden gelen wekiliň: „Turuň, Edoma garşy söweşe çykalyň!“ diýen habaryny eşitdik.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ