Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 21:11 - Mukaddes Kitap

11 Duma baradaky pygamberlik: Segirden çagyrýar biri meni: «Eý, gözegçi, daň atara näçe wagt bar? Näçe wagt bar daňyň ýagtylmagyna?»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Дума барадакы пыгамберлик: Сегирден чагыряр бири мени: «Эй, гөзегчи, даң атара нәче вагт бар? Нәче вагт бар даңың ягтылмагына?»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 21:11
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýakup Edom ýurdunyň Segir diýilýän ýerine, dogany Ysawyň ýanyna habarçy ýollap: «Meniň jenabym Ysawa şeýle diýiň» diýip, öz habarçylaryna şu sözleri aýtmaklygy buýurdy: «Seniň guluň Ýakup şeýle diýýär: „Men Labanyňkyda şu wagta çenli gelmişek bolup ýaşadym.


Muşakgat içinde gezsem-de, meni aman saklaýaň, duşmanlaryma garşy Öz eliňi uzadýaň. Seniň goluň meni halas eýleýär.


Aýlanyp ýören, şäher gözegçileri duşdy maňa. Olardan: «Köňül aşygymy gördüňizmi?» diýip soradym.


«Daň atyp barýar, ýöne entek gije. Ýene sorajak bolsaňyz soraň, soňra öwrülip geliň» diýýär gözegçi.


Reb maňa şeýle diýdi: «Git-de bir gözegçi goý, goý, ol habar bersin görenini.


Onsoň Sidkiýa patyşa adam ýollap, Ýermeýany öz köşgüne getirtdi. Patyşa gizlinlikde ondan: «Rebden, heý, söz barmy?» diýip sorady. Ýermeýa-da: «Hawa, bar. Sen Babyl patyşasynyň eline tabşyrylarsyň» diýdi.


Men siziň üstüňizden gözegçi goýup: „Surnaýyň sesine gulak asyň!“ diýdim. Emma olar: „Gulak asmarys“ diýdiler.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Edom öç almak bilen ýahuda halkynyň garşysyna hereket etdi, olardan öç alyp, agyr günä batdy.


Eý, ynsan ogly! Men seni ysraýyl halkyna gözegçi goýdum; sen Menden söz eşidip, olara Meniň tarapdan duýduryş berersiň.


Weýran bolar Müsür, döner çöllüge Edom, çünki olar ýahuda halkyna etdiler sütem; boýadylar topraklaryny bigünä gana.


Reb şeýle diýýär: «Men gazalylary günä üstüne günä edendikleri üçin jezasyz galdyrmaryn. Olar tutuş jemagaty edomlylaryň eline bermek üçin ýesir edip äkitdiler.


Edom eýeleniler, Segir öz duşmanlarynyň mülküne öwrüler. Ysraýyl bolsa has kuwwatlanar.


Olar bilen urşa girişmäň, çünki Men size olaryň ýerinden ýekeje garyş-da ýer berjek däl. Çünki Segir daglygyny Men Ysawa mülk berdim.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ