Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 21:10 - Mukaddes Kitap

10 Eý, harmanda döwlen, ýele sowrulan halkym! Hökmürowan Rebden, Ysraýylyň Hudaýyndan eşidenlerimdir, size aýan edýänim.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Эй, харманда дөвлен, еле соврулан халкым! Хөкмүрован Ребден, Ысрайылың Худайындан эшиденлеримдир, сизе аян эдйәним.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 21:10
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Mikaýa: «Rebden ant içýärin, Reb maňa näme diýse, men şony hem aýdaryn» diýdi.


Şeýdip, Ýehogahazyň diňe elli sany söweş arabaly esgerinden, on söweş arabasyndan we on müň pyýada goşunyndan başga goşuny galmady, çünki Siriýa patyşasy olary harman tozy kimin ýok edipdi.


Bugdaý çörek üçin üwelýär, emma ol ebedilik döwülmez, üstünden arabadyr atlar aýlansa-da, bugdaý üwelmez.


Pygamber öz gören boş düýşlerini gürrüň beribersin, emma Meniň sözümi eşiden her kes sözümi hakyky beýan etsin. Heý-de, bugdaýy saman bilen deňäp bolarmy? Muny Reb aýdýandyr.


Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Döwek wagty harman ýeri nähili tapbatlanýan bolsa, Babyl gyzy-da şeýle ediler. Ýene az salymdan onuň oruljak wagty geler.


Ýaňky adam maňa şeýle diýdi: «Eý, ynsan ogly! Gözleriň bilen gör, gulaklaryň bilen eşit, saňa görkezjek ähli zatlaryma ýagşy üns ber. Sen bu ýere meniň saňa görkezmegim üçin getirildiň. Görýän ähli zatlaryňy ysraýyl halkyna jar et».


Arslan arlar-da, kim gorkmaz? Hökmürowan Reb sözlär-de, kim pygamberlik etmez?»


Reb şeýle diýýär: «Eý, Sion gyzy! Tur, döwek döw! Şahyňy demirden, toýnaklaryňy bürünçden ederin Men. Onsoň sen köp halklary ezersiň. Olaryň ähli gazananlaryny, baýlyklaryny Maňa – bütin älemiň Hökümdaryna bagyş edersiň».


Ýer ýüzüne gazap bilen gadam basdyň, milletleri gahar bilen depelediň.


Onuň harman sowurýan çarşagy elindedir. Ol harman ýerini süpürip, bugdaýyny ammara üýşürer, samany bolsa sönmez otda ýakar».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ