Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 20:4 - Mukaddes Kitap

4 Aşuryň patyşasy-da Müsüre utanç bolsun diýip, müsürlileri sürgün edip, efiopiýalylary ýesir alyp, ýaşlardyr garrylary ýalaňaç, aýakýalaň, otyrýerleri açyk halda äkider.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Ашурың патышасы-да Мүсүре утанч болсун дийип, мүсүрлилери сүргүн эдип, эфиопиялылары есир алып, яшлардыр гаррылары ялаңач, аякялаң, отыръерлери ачык халда әкидер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 20:4
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şonda Hanun Dawudyň çaparlaryny tutup, olaryň sakgallarynyň deň ýarysyny syrdyryp, geýimlerini syrtlaryna çenli ortasyndan kesdirip, yzlaryna ugratdy.


Hanun Dawudyň çaparlaryny tutup, olaryň sakgallaryny syrdy, geýimlerini syrtlaryna çenli ortasyndan kesdirip, yzlaryna ugratdy.


Müsürlileri zalym hojaýynyň eline bererin, rehimsiz patyşa höküm sürer üstlerinden». Muny Hökmürowan Taňry Reb aýdýandyr.


Şonuň üçin Taňry Sion gyzlarynyň kellesini kel eder, Reb maňlaýlaryny takyradar.


Emma Reb danadyr, Ol betbagtçylyk getirer, sözüni yzyna almaz, ýamanlyk edýänlere garşy aýaga galar, pislere kömek edýänlere garşy çykar.


Müsürliler Hudaý däl, ynsandyr, ruh däldir, tendir atlary; Reb elini uzadanda, kömekçi-de, kömek alan-da ýykylar, ählisi birlikde heläk bolar.


Degirmen daşlaryny al-da, un üwe, aýyr ýapynjaňy, lybasyňy çykar, derýalardan geç, baldyrlaryňy ýalaňaçla-da.


Ýalaňaçlygyň aýan bolar, aýbyň açylar. Öç alaryn Men, hiç kimi aýamaryn».


Eger içiňden: „Näme üçin bu zatlar meniň başyma düşdükä?“ diýýän bolsaň, bu etmişleriňiň köplügi sebäpli etegiň açyldy we namysyňa degildi.


Men-de uýat ýeriň açylsyn diýip, etegiňi ýüzüňe çenli galdyraryn.


Eý, Müsüriň ilaty, goşuňy düw, sürgün edilersiň! Memfis weýran bolar, ilatsyz bir haraba döner.


olaryň janlarynyň kastyna çykan Babyl patyşasy Nebukadnesar bilen onuň serkerdeleriniň eline tabşyraryn. Şondan soň Müsür gadymkysy ýaly ýene ilatly bolar. Muny Reb aýdýandyr“.


Müsüriň boýuntyrygyny döwen günüm Tahpanhesde gündiz gijä öwrüler. Onuň kuwwatynyň buýsanjy tamamlanar; ony bir gara bulut gaplar we şäheriň halky sürgüne gider.


Reb şeýle diýýär: «Eý, ysraýyl halky, sen Meniň üçin efiopiýa halky bilen deň dälmisiň? Ysraýyllary Müsürden, piliştleri Kaptordan, siriýalylary Kirden çykaran Men dälmi näme? Hökmürowan Rebbiň nazary siziň günäli şalygyňyzdadyr, Men-Reb ony ýer ýüzünden süpürip taşlaryn, emma Ýakubyň kowumyny bütinleý ýok etmerin». Muny Reb aýdýandyr.


Eý, Şapyr halky! Ýalaňaçlanyp, utanç içinde ötüň. Sawanan halky çadyryndan çykmasyn. Beýtesel halkynyň özi ýas tutýar, ondan size ýardam bolmaz.


Emma şonda-da No-Amon halky tutulyp sürgün edildi, çagalary her köçäniň başynda daşa urlup öldürildi. Onuň emeldarlary üçin bije atyldy, beýik adamlar zynjyrlandy.


Reb: «Eý, Efiopiýa halky, senem Meniň gylyjymdan ölersiň» diýýär.


Gel, Men saňa maslahat bereýin: baýar ýaly, Menden otda arassalanan altyny satyn al; ýalaňaçlygyň aýbyny örter ýaly, Menden ak egin-eşik satyn al; görüp biler ýaly, Menden gözüňe melhem satyn al.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ