Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 20:2 - Mukaddes Kitap

2 Şol wagt Reb Amozyň ogly Işaýa: «Git-de, egniňdäki july, aýagyňdaky çarygyňy çykar» diýdi. Işaýa şeýle edip, diňe içki geýiminde aýakýalaň geziberdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Шол вагт Реб Амозың оглы Ишая: «Гит-де, эгниңдәки җулы, аягыңдакы чарыгыңы чыкар» дийди. Ишая шейле эдип, диңе ички гейиминде аякялаң гезиберди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 20:2
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut aglap-eňräp Zeýtun dagyna çykdy. Başynda örtügi bardy, aýaklary ýalaňaçdy. Onuň ýanyndakylaryň-da ählisiniň başlary örtülgidi, gidip baryşlaryna olaram aglaýardylar.


Dawut öz maşgalasyna pata bermek üçin gaýdyp gelýärkä, Şawulyň gyzy Mikal öňünden çykyp, oňa şeýle diýdi: «Bir bolgusyzyň utançsyzlyk bilen ýalaňaçlanyşy ýaly, öz emeldarlarynyň gyrnaklarynyň öňünde ýarym-ýalaňaçlanyp, gör, bu gün ysraýyl patyşasy özüne nähili hormat gazandy!»


Olar patyşa: «Ol düýe ýüňünden tikilen donludy we biline-de gaýyş guşak guşalandy» diýip jogap berdiler. Patyşa: «Ol tişbeli Ylýasdyr» diýdi.


Ömrüm soňlanyp barýar gam-gussa bilen; ýyllarym-da dat-perýat bilen; günäm zerarly kuwwatym gaçdy hem-de meniň süýeklerim gurady.


Soňra Hudaý: «Mundan ýakyn gelme, aýagyňdaky çarygyňy çykar, çünki seniň bu duran ýeriň mukaddes toprakdyr!


Ýahuda patyşalary Uzyýanyň, Ýotamyň, Ahazyň we Hizkiýanyň döwründe Amozyň ogly Işaýanyň Ýahuda we Iýerusalim babatda gören görnüşleri.


Babyl hakda Amozyň ogly Işaýa aýanlyk arkaly gelen pygamberlik:


Patyşa köşgi dolandyryjy Elýakymy, Şebna mürzäni we ýaşuly ruhanylary Amozyň ogly Işaýa pygamberiň ýanyna iberdi. Hemmesi jul geýdiler.


Her kimiň saç-sakgaly syryldy; ähli eller ýaralanan we ähli billere jul oralan.


Dymyp ah çek; öliň üçin ýas tutma; selläňi geý, çarygyňy geý, sakgalyňy örtme; ýas çöregini iýme».


Selläňiz başyňyzda, çarygyňyz aýagyňyzda bolar. Ýas tutmarsyňyz, aglamarsyňyz, emma etmişleriňiz zerarly gurap ýok bolarsyňyz, biri-biriňiz üçin ah çekersiňiz“.


«Sen, eý, ynsan ogly! Özüňe bir kerpiç alyp, öňüňde goý-da, onuň ýüzüne Iýerusalim şäheriniň suratyny çek.


Men olaryň ýazyklarynyň her ýylyny bir gün hasabyna öwrüp, seniň üstüňe ýükledim. Bu üç ýüz togsan gündür. Şeýlelikde, ysraýyl halkynyň ýazygyny sen çekersiň.


Eý, Şapyr halky! Ýalaňaçlanyp, utanç içinde ötüň. Sawanan halky çadyryndan çykmasyn. Beýtesel halkynyň özi ýas tutýar, ondan size ýardam bolmaz.


Munuň üçin men aglap, dady-perýat ederin. Eşiksiz we aýakýalaňaç gezerin. Şagallar kimin uwlaryn. Düýeguşlar kimin gözýaş dökerin.


Şol gün her bir pygamber pygamberlik edýän wagtynda görnen görnüşlerden utanar, adamlary aldamak üçin pygamberleriň ýüň donuny geýmez.


Onsoň Isa şägirtlerine ýüzlenip: «Kim Meniň yzyma eýermek isleýän bolsa, özüni inkär etsin-de, haçyny alyp, yzyma düşsün.


Ýahýanyň düýe ýüňünden eşikleri, bilinde gaýyşdan guşagy bardy. Onuň iýmiti çekirtge bilen meýdan balydy.


Şonda Isanyň söýgüli şägirdi Petrusa ýüzlenip: «Bu Reb Isadyr!» diýdi. Simun Petrus Onuň Rebdigini eşiden badyna egnindäki köýneginiň etegini guşagyna gysdyryp, özüni köle oklady.


Onsoň erbet ruh eýelän adam olaryň üstüne topulyp, ählisini basdy. Şonda olar bu öýden ýalaňaç hem ýaraly gaçyp gitdiler.


Ol biziň ýanymyza gelip, Pawlusyň guşagyny aldy-da, öz el-aýagyny baglap: «Mukaddes Ruh şeýle diýýär: „Iýerusalimdäki ýahudylar şu guşagyň eýesini şeýle baglap, keseki milletleriň eline bererler“» diýdi.


Rebbiň goşunynyň serkerdesi oňa: «Çarygyňy çykar, çünki seniň duran bu ýeriň mukaddes toprakdyr!» diýdi. Ýeşuwa aýdylyşy ýaly etdi.


Men iki şaýadymy ibererin. Olar hem jul geýnip, bir müň iki ýüz altmyş günläp pygamberlik ederler.


Ol hatda eşiklerini çykaryp, Şamuweliň öňünde pygamber ýaly joşdy we tutuş bir gije-gündizläp ýalaňaç süýnüp ýatdy. («Şawul hem pygamberleriň arasyndamy?» diýleni şondan galandyr.)


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ