Pudaklary gurap döwler, aýallar gelip, olary ýakarlar. Bu halk düşünmeýän halkdyr; şonuň üçin Ýaradany olara rehim etmez, Döredijisi olara merhemet görkezmez».
Hoşboý ysly ýag bilen Molek hudaýyň ýanyna gitdiňiz, atyrlaryňyzy köpeltdiňiz; uzak ýerlere ýolladyňyz ilçileriňizi, hatda ölüler dünýäsine inderdiňiz.
Ýa Reb, Sen meni öldürmek üçin edilen bu dildüwşükleriň baryny bilýänsiň. Olaryň ýazygyny bagyşlama, günälerini nazaryňdan düşürme. Goý, olar huzuryňda ýykylsynlar, olara garşy gazabyňda hereket et.
Ýalandan pespälsireýän we perişdelere sežde edýän adam sizi Hudaýyň sylagyndan mahrum etmesin. Şeýle adam gören görnüşlerine magtanýandyr, emma bu boş ýere paňkarýan ynsan pikir ýöretmesidir.
Elbetde, bu urp-adatlar galp dindarlykda, pespälsirän bolmakda, bedene ezýet çekdirmekde akyldarlyk ýaly görünýändir, emma bularyň ynsanyň pis niýetiniň öňüni almakda hiç bir peýdasy ýokdur.