Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 2:8 - Mukaddes Kitap

8 Olaryň ýurdy butlardan doly, öz elleriniň işine, barmaklarynyň ýasan zadyna sežde edýärler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Оларың юрды бутлардан долы, өз эллериниң ишине, бармакларының ясан задына сежде эдйәрлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 2:8
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hananynyň ogly Ýehu pygambere Bagşa we onuň nesillerine garşy Rebbiň şu sözi aýan boldy. Çünki Bagşa Ýarobgamyň nesilleri ýaly hereket etdi we Ýarobgamyň nesillerini öldürdi. Şeýdip, ol Rebbiň ýigrenýän işlerini edip, öz pis işleri bilen Onuň gaharyny getiripdi.


Olar her bir beýik baýyrda hem-de gür ýaprakly her bir agajyň astynda dikme daşlary we Aşera butlaryny dikdiler.


Olar Hudaýy Rebbiň ähli tabşyryklaryndan ýüz dönderdiler-de, özleri üçin iki sany guýma göle butuny we Aşera butuny ýasap, asman jisimlerine sežde etdiler we Bagala gulluk etdiler.


Ýotam kakasy Uzyýa ýaly Rebbiň nazarynda dogry işleri etdi; emma ol Rebbiň ybadathanasyna girmedi. Halk entek hem erbet işleri edýärdi.


Özleriniň guran gurbanlyk sypalaryna bakmazlar, elleri bilen ýasan Aşera butlaryna, tütetgi sypalaryna seretmezler.


Ýa Reb, Hudaýymyz, Senden başga hökümdarlar bize agalyk etdiler, emma biz diňe Seniň adyňa hormat goýýarys.


Şol milletleriň hudaýlaryny oda atyp ýakdylar, olar hudaýlar däldi. Olar adamlaryň agaçdan we daşdan ýasan butlarydy.


Butumy? Ony bir hünärment guýýar, zergär ony altyna gaplaýar, onuň üçin kümüş zynjyr ýasaýar.


Ine, olaryň hemmesi galp, işleri hiç zatdyr, butlary boş ýeldir».


Dub agaçlarynyň arasynda, gür ýaprakly agajyň astynda butlar bilen zyna gyzyşyp, derelerde, gaýalaryň köweklerinde çagalaryňyzy gurban edýän siz dälmi eýsem?


Olaryň Menden ýüz öwrüp eden ähli pislikleri üçin, başga hudaýlara sadakalar berip, öz elleriniň ýasan işlerine sežde edendikleri üçin, Men olaryň garşysyna Öz hökümimi yglan ederin.


Çünki hudaýlaryň sany şäherleriň sany bilen deňdir, eý, Ýahuda! Siz Iýerusalimiň köçeleriniň sanyna görä utançly zatlar üçin gurbanlyk sypalaryny, Bagal butuna gurbanlyklar hödür etmek üçin gurbanlyk sypalaryny gurduňyz.


Hany, özüňize ýasan hudaýlaryňyz nirede? Başyňyzdan bela inende, sizi halas edip bilýän bolsalar, goý, gelsinler. Eý, ýahuda halky, şäherleriň sany näçe bolsa, hudaýlaryňyň sany hem şonçadyr.


Gilgatda etmiş bar, olaryň halky nämynasyp. Gilgalda öküzleri gurbanlyk etdiler. Şol sebäpli olaryň gurbanlyk sypasy sürlen meýdandaky daş üýşmegi ýaly bolar.


Indi günä üstüne günä edýärler. Kümüşden özlerine butlar edinýärler. Butlar ussatlyk bilen ýasalýar. Hemmesi ussanyň işidir. Adamlara: «Gurbanlyk etsinler! Göleleri öpsünler» diýýärler.


Şu dileg bilen Rebbe dolanyň. «Bar etmişlerimizi geç. Ýagşy dileglerimizi kabul et. Öküz gurbanlygyna derek alkyş gurbanlygyny hödür ederis.


Çünki bu but Ysraýylyň işidir. Ony ussa ýasady. Ol Hudaý däldir. Samariýanyň gölesi bölek-bölek bolar.


Jadygöýleriňizi gyraryn, araňyzda palçy galdyrmaryn.


Pawlus Afinyda Silas bilen Timoteosa garaşýarka, şäheriň butlardan doludygyny görüp, ýüregi gyýyldy.


Ol ýerde siz adamlar tarapyndan ýasalan hudaýlara, agaçdan we daşdan ýasalan, ne görýän, ne eşidýän, ne iýýän, ne-de ys alýan başga hudaýlara gulluk edersiňiz.


Bu belalardan aman galan adamlar şonda-da elleriniň pis işlerinden dänip, toba gelmediler. Olar jynlara, altyndan, kümüşden, bürünçden, daşdan we agaçdan ýasalyp, eşitmeýän, görmeýän, ýöremeýän butlara sežde etmeklerini bes etmediler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ