Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 2:6 - Mukaddes Kitap

6 Sen Öz halkyňy, ýagny Ýakubyň neslini terk etdiň. Olar gündogaryň palçylaryndan, piliştlileriňki ýaly müneçjimlerden doly, keseki halk bilen el berişýärler olar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Сен Өз халкыңы, ягны Якубың неслини терк этдиң. Олар гүндогарың палчыларындан, пилиштлилериңки ялы мүнечҗимлерден долы, кесеки халк билен эл беришйәрлер олар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 2:6
31 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bir gün Ahazýa Samariýa şäherindäki köşgüniň ýokarky gatyndaky penjireden ýykylyp, şikeslendi. Onsoň ol: «Gidiň-de, Ekron hudaýy Bagalzebupdan soraň, men bu şikesden gutulyp bilerinmi?» diýip çaparlar ýollady.


Reb bütin Ysraýyl nesillerinden ýüz dönderdi. Ol olary jezalandyryp, talaňçylaryň eline berdi. Şeýdip, Reb olaryň baryny Öz huzuryndan ýok etdi.


Şeýdip, Şawul Hudaýa biwepalyk edendigi üçin öldi. Ol Rebbiň buýrugyny berjaý etmänliginden ötri, jadygöýden maslahat sorapdy.


Azarýa Asanyň öňünden çykyp, oňa şeýle diýdi: «Eý, Asa, ähli ýahudalar bilen benýaminler, maňa gulak asyň! Siz Reb bilen bolsaňyz, Ol hem siziň bilendir. Ony agtarsaňyz, taparsyňyz; Ony terk etseňiz, Ol-da sizi terk eder.


Onsoň Ýehoýada ruhanynyň ogly Zekarýanyň üstüne Hudaýyň Ruhy indi. Zekarýa halkyň öňünde dik durup, şeýle diýdi: «Reb şeýle diýýär: „Näme üçin Rebbiň tabşyryklaryny terk edýärsiňiz? Siziň işiňiz rowaç almaz. Rebbi terk edendigiňiz üçin, Ol hem sizi terk etdi“».


Şol günler men aşdotly, ammonly we mowaply aýallara öýlenen ýahudylary-da gördüm.


Ol çöli öwürýär kak köllerine, gurak topragy – suw gözbaşyna.


Jadygöýlik bilen meşgullanýan her bir aýaly öldüriň.


Siz ogullaryňyza olaryň gyzlaryndan aýal alyp berersiňiz. Öz hudaýlaryna sežde edip ýören bu gyzlar siziň ogullaryňyza hem şeýle etdirerler.


Oglum, karz aljaga kepil geçip, oňa derek el beren bolsaň,


«Özüňizi uran taýak döwüldi diýip şatlanmaň, eý, piliştliler! Ýylan tohumyndan kepjebaş dörär, onuň miwesi-de uçýan mähnet ýylan bolar.


Halk size şeýle diýse: «Pyşyrdaýan we samyrdaýan ruh çagyrýanlara we jadygöýlere ýüz tutuň; halk öwüt-nesihat üçin öz hudaýlaryna, dirileriň adyndan ölülere ýüz tutmaly dälmi näme?» Şeýle diýýänler daň şapagyny görmezler!


Reb şeýle diýýär: «Gögüň alamatlaryndan gorkmaň, olardan diňe milletler gorkýandyr. Milletleriň ýolundan görelde almaň.


Men halkymy terk etdim, mirasymy taşladym, jandan söýýän halkymy duşmanlarynyň eline berdim.


Neçün Sen bizi ebedilik unudýarsyň? Neçün bizi uzak wagtlap terk edýärsiň?


Jadygöýlere we palçylara ýüz tutmaň. Olardan maslahat sorap, özüňizi haram etmäň. Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Eger kimde-kim biwepalyk edip, jadygöýleriň we palçylaryň yzyna eýerse, Men ondan ýüz öwrerin we ony Öz halkymdan çetleşdirerin.


Ýurduňyzyň şäherlerini weýran ederin, ähli galalaryňyzy haraba öwrerin.


Jadygöýleriňizi gyraryn, araňyzda palçy galdyrmaryn.


«Şol gurbanlyk güni Men hökümdarlary, şazadalary, ýat adatlara eýerýänleri jezalandyraryn.


Onsoň Bilgam Hudaýdan gelen aýanlygy habar berip, şeýle diýdi: «Mowap patyşasy Ballak meni gündogardaky daglardan, Siriýa ýurdundan getirip, şeýle diýdi: „Gel, meniň üçin Ýakuby näletle, gel-de, Ysraýyla garga!“


Siz mamla, ýöne olar imansyzlygy zerarly döwüldi. Siz bolsa iman arkaly dursuňyz. Şoňa görä, gopbamsyramaň-da, gaýtam gorkuň.


Şondan soň piliştliler ruhanylardyr palçylary çagyryp, olara: «Rebbiň sandygyny näme etsekkäk? Ony öz mekanyna nähili gaýtarmalydygyny bize aýdyň» diýdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ