Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 2:4 - Mukaddes Kitap

4 Reb milletler arasynda kazylyk eder, köp halklaryň dawalaryny çözer; olar gylyçlaryndan azal, naýzalaryndan orak ýasarlar; millet millete garşy gylyç galdyrmaz, söweşmegi öwrenmezler indi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Реб миллетлер арасында казылык эдер, көп халкларың даваларыны чөзер; олар гылычларындан азал, найзаларындан орак ясарлар; миллет миллете гаршы гылыч галдырмаз, сөвешмеги өвренмезлер инди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 2:4
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol halkyna işleriniň gudratyny görkezdi: milletleriň mirasyny olara berdi.


Ybraýym Hudaýynyň halkyna goşulmak üçin, halklaryň asylzadalary ýygnanyşdylar; çünki tutuş ýeriň şalary Hudaýyňkydyr; Ol belende galdyrylandyr.


Milletlere hökümini ýöredýär Hudaý, Öz mukaddes tagtynda oturýar Hudaý.


Gebal, Ammon hem-de Amalek, Pilişt hem-de Suruň ilaty,


Dogrulygyň miwesi rahatlyk, netijesi asudalyk, ebedi howpsuzlykdyr.


Halkym öýlerinde rahatlykda, howpsuz ýerlerde, asuda mesgende ýaşarlar.


Reb biziň kazymyzdyr, biziň kanun çykaryjymyzdyr, Reb patyşamyzdyr, Ol bizi halas eder.


Ine, Meniň goldaýan bendäm, göwnühoş bolup saýlanym; Ruhumy oňa berdim, ol milletlere adalat getirer.


Ýenjilen gamşy döwmez, tüteýän peltäni söndürmez, sadyklyk bilen adalat getirer.


Söweşdäki esgerleriň ädikleri, ähli gana bulaşan eşikleri, oda taşlanyp ýakylar.


Hökümdarlygy dynuwsyz öser, parahatçylygy tükeniksiz bolar. Dawudyň tagtyndan baky berkarar eder öz patyşalygyny. Patyşalygy adalatlylyk hem dogrulyk bilen goldar. Hökmürowan Rebbiň yhlasy bilen amala aşar bu.


Şol gün olar üçin meýdandaky haýwanlar, asmandaky guşlar, toprakda ýaşaýan süýrenijiler bilen äht edişerin. Ýurtdan ýaýy, gylyjy, söweş goşunlaryny ýok ederin. Aman ýaşadaryn olary.


Men seni wepadarlyk bilen alaryn, sen Meni Reb hökmünde tanarsyň.


Azallaryňyzdan gylyçlar, oraklaryňyzdan naýzalar ýasaň; ejiz „men güýçli“ diýsin.


«Goý, milletler galkynsyn, Ýehoşapat jülgesine insin, çünki çar tarapdan gelen milletlere höküm çykarmak üçin, Men şol ýerde oturjak.


Reb halklar arasynda kazylyk eder, köp milletleriň dawalaryny çözer; olar gylyçlaryndan azal, naýzalaryndan orak ýasarlar. Millet millete garşy gylyç galdyrmaz, söweşmegi öwrenmezler indi.


Efraýymyň söweş arabalaryny, Iýerusalimiň atlaryny ýok ederin, söweş ýaýlary omrulyp taşlanar. Ol halklara abadançylygy berkarar eder. Hökümdarlygy deňizden-deňze, derýadan ýeriň uçlaryna ýeter.


Çünki Hudaý Öz bellän Ynsany arkaly dünýäni adalatly höküm etjek gününi belledi. Ony ölümden direltmek bilen Ony belländigini ähli ynsanlara subut etdi».


Soňra men açylan gögi we ol ýerde duran bir ak aty gördüm. Aty münüp oturan Sadyk we Hakykat diýip atlandyrylýardy. Ol adyl höküm çykarýandyr we adalatly söweşýändir.


Parçalanjakdyr Rebbiň garşysyna çykanlar. Olaryň garşysyna Gökde Ol nagra dartar. Zeminiň çar künjünde Reb höküm eder. Ol Öz patyşasyna güýç-kuwwat berer, Öz seçip-saýlan patyşasyna ýeňiş getirer».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ